SAGLYGYMYZY GORALYŇ!

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmelidir. Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary  bolmagyny gazanmak gerek. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, kadaly iýmitlenmek wajypdyr. Ir säherde we agşamara pyýada gezim etmek hem peýdaly endikleriň biri bolmalydyr. Pasla görä geýinmegi hem ýatdan çykarmaly däl. Miwe şirelerini, ary bally we limonly gök çaýy içmek hem maslahat berilýär. Gök-bakja önümleri alma, pyrtykal, banan, nar,kelem, käşir, sogan, sarymsak we şuňa meňzeş önümler iýmeklik kesele garşy göreşjeňlik ukybyny artdyrýar. Köpçülik ýerlerinde asgyrylanda, üsgürilende hökman elýaglyk bilen agyz we burny ýapmaly. Howanyň üýtgemekligi bilen, möwsümleýin döräp biläýjek keselleriň öňüni almak üçin gyzyl burç goşulan unaşy içmeli. Arassa agyz suwyny ýa-da gaýnadylyp sowadylan suwy içmeli. Wagtal-wagtal penjiräni ýa-da gapyny açyp, iş we öý otaglaryny ýelejiredip durmaly, ýöne şemalyň öňünde durmaklyk maslahat berilmeýär. Öýlerimizde we iş otaglarynda, mekdeplerde, çagalar baglarynda yzygiderli zyýansyzlandyryjy serişdelerini rejeli ulanyp, çygly arassalaýyş işleri geçirip durmaly. Ýurdumyzda hereket edýän şahsy  we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek her birimiziň borjumyz bolup durýar.

 

Güljahan GARAÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Gyzylarbat etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR