Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň “Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri” diýip atlandyrylmagy hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenbaşy etrap Medeniýet öýüniň mejlisler zalynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde merdana ata-babalarymyzyň şöhrata beslän mukaddes taryhy topragynda gurulýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bu gün ýurdumyzyň Garaşsyzlyk sene ýazgysyna täze ajaýyp sahypa bolup girýär. Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda gurluşygy dowam edýän döwrebap şäheriň binagärlik keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň gurluşynda milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz, halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar diýip bellediler. Şeýle-de, türkmen halkynyň gadymy taryhynyň, özboluşly däp-dessurlarynyň, baý medeni mirasynyň dikeldilýän we çuňňur öwrenilýän, milletiň ruhy taýdan galkynýan zamanynda dürli döwürlerde ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmäge aýratyn uly goşant goşan adamlara uly sarpa goýulýar, olaryň atlary ebedileşdirilýär. Öz Watanyna we halkyna wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen, ähli bilimini, tejribesini ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine bagyşlan meşhur şahsyýetleriň zähmet we şu günki ýaşlar üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýändigi, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy hem muňa aýdyň mysal bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Şirinnabat SARJAGULOWA,
TMÝG-niň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň müdiri.