Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, Balkan welaýat häkimligi bilen bilelikde Balkanabat şäherindäki Türkmeniň Ak öýi binasynyň köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän ýerinde“Hoş geldiň Täze ýyl salam Täze ýyl” ady bilenwelaýatymyzda bilim alýan çagajyklaryň arasynda Täze ýyl baýramy mynasybetliaýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdi.Çagalar Täze ýyl baýramy mynasybetli ajaýyp döredijilik çykyşlaryny uly buýsanç bilen ýerine ýetirdiler. Täze ýyl ajaýyp baýramçylyklaryň biridir. Sabyrsyzlyk bilen garaşylýan bu baýramyň esasy aýratynlygy hem ýagşy umyt-arzuwlara beslenip garşylanmagydyr. Ýurdumyzda geçip barýan ýyl bilen dabaraly hoşlaşylyp, täze ýyl uly joşgun bilen garşylanýar. Täze umyt-arzuwlara atarýan bu baýramda uly-kiçi hemmeleriň kalplary nurlanýar, göwünleri şatlanýar. Täze ýyl mynasybetli belentden ýaňlanýan aýdym-sazlar, joşgunly çykyşlar diňe bir çagalary däl, eýsem, oňa gatnaşýan tomaşaçylaryň ählisine ruhy lezzet, şatlyk-şowhun paýlaýar. Çäräniň dowamynda Aýazbabanyň, Garpamygyň körpelere paýlaýan sowgatlary olary hasam begendirdi. Çäräniň ahyrynda ýüzi nurana, bagtly-bagtyýar çagajyklar arzuwlaryň hasyl bolýan döwrüni peşgeş beren Ýaşlaryň Hak Howandary Arkadagly Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. Goý, Täze ýyl eziz ýurdumyza, mähriban halkymyza rowaçlyklar getirsin!
Ennebike ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.