TERBIÝE MEKDEBI

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesiller hakyndaky alada ýokary derejä eýe bolup, bu ugurda ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikler has-da rowaçlanyp, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny özgertmekde bimöçber işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetçilik gatnaşyklarynda düýpli özgerişlikler bolup geçýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada durmuşa geçirýän beýik işleri halkymyzyň kämil jemgyýetde ýaşamagy, işlemegi, döretmegi we bilim almagy, gurmagy ugrunda öňde goýlan wezipeleriň rowaç alýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ruhy tämiz, kalby päk, ahlagy arassa, dünýägaraýşy giň, süýji dilli, halallygy hemişe özüne ýaran edinen ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek esasy ugurlaryň biridir. Şunda ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegi, watansöýüjilik duýgularynyň kemala gelmegi ähmiýetli hasaplanýar. Munuň üçin halk döredijilik eserlerine, nusgawy edebiýatymyza ýüzlenýäris. Esasan hem Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary nesil terbiýesinde egsilmez hazynadyr, ýol-ýörelgedir.

Şöhratly taryhymyz halkymyzyň okamaga, öwrenmäge bolan höwesiniň hemişe uly bolandygyna, çaganyň ylym atasyna uly hormat goýlandygyna, iň uly kitaphanalaryň biziň ýurdumyzda ýerleşendigine, dünýä meşhur alymlaryň, dana kişileriň türkmeniň ýurdunda dünýä inip, onuň mukaddes topragyna göbek ganynyň damandygyna, şu ýerde okap bilim alandygyna, ylym öwrenendigine şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bolsa okajaklara, bilim, ylym aljaklara, hünär öwrenjeklere giň mümkinçilikleri açýar.

Hormatly Prezidentimiz: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýip, parasatly belleýär. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýaşlary watansöýüji edip terbiýelemek, milli ýörelgelerimize wepaly şahsyýetler edip ýetişdirmek baş maksat bolup durýar. Şunda bilim işgärleriniň hem, ata-eneleriň hem uly ornunyň bardygyny bellemek gerek. Mugallymlar bilim-terbiýe bermek bilen ýaşlaryň dünýägaraýşyny ösdürýär, ata-eneler maşgala terbiýesinde nesilleriň kämil bolmagyny üpjün edýär. Şundan görnüşi ýaly, terbiýe sazlaşykly alnyp barylmalydyr we milli ýörelgelere esaslanmalydyr.

Biz ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, medeniýetli bolmagy üçin uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag bolmagyny, döwletli başlangyçlarynyň hemişe üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!

 

Sapargeldi KABAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika

institutynyň okuw bölüminiň başlygy.

Mugallymlar gazeti. 09.01.2023ý.

Meňzeş habarlar