“OKGUNLY ÖSÜŞIŇ BERK BINÝADY”

Jemgyýetiň hukuk binýadyny hem-de gözbaşy asyrlara uzap gidýän milli demokratik ýörelgeleri yzygiderli kämilleşdirmek ähli ugurlarda giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli dowam etdirilýän döwründe wajyp wezipeleriň biri bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bolsa ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmakda, syýasy durnuklylygyny pugtalandyrmakda, halkymyzyň abadan, eşretli durmuşyny hil taýdan täze derejelere götermekde Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlarynyň Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän taryhy zamanasydyr. Dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredip, ýokary baha mynasyp bolýan şeýle döwletli tutumlara ýetilmeginde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerine hem-de ylmy esaslandyrmalara daýanýan anyk wezipeler kesgitlendi. Ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak bolsa halkymyzyň nurana geljegine gönükdirilen şeýle taryhy tutumlaryň rowaçlyklara beslenmeginiň binýadyny berkider. Gahryman Arkadagymyzyň döwletimiziň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky örän oýlanyşykly teklibi şunuň ýaly il-ýurt bähbitli ýagşy maksat-tutumlara esaslanýar. Hut şonuň üçin hem mähriban Arkadagymyzyň öňe süren oýlanyşykly teklibi halk köpçüliginiň gyzgyn goldawyna eýe boldy.

Ýokary wekilçilikli edara boljak Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletimiziň durmuşynda möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylýan ýerine öwrüler. Bu wekilçilikli edaranyň işine jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň, ýaşulularyň, şol sanda ýaşlaryň uly toparynyň gatnaşmagyna şert-mümkinçilikleriň döredilmegi kabul ediljek çözgütleriň netijeliligine, döwrebaplygyna, durmuşa ukyplylygyna oňyn itergiler berer. Berkarar Watanymyzda bolsa durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň üstünliklere beslenmeginde ýaş nesliň ylymyna, bilimine, ukyp-başarnygyna uly ynam bildirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň: “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys” diýip, aýratyn nygtamagy muny ähli aýdyňlygy bilen görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nobatdaky ýylynyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi hem şeýle buýsançly hakykatyň buýsançly subutnamalarynyň biridir.

Ýeri gelende aýtsak, ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň bir palataly ulgama geçmegi ýurdumyzyň kanunçylyk esaslaryny pugtalandyrar, döwlet dolandyrylyşynda halkyň işjeň ornuny berkider. Şeýle-de ýurdumyzyň okgunly ösüşini üpjün etmekde iň wajyp syýasy, ykdysady, harby meseleler babatda  ilhalar çözgütleri tapmakda ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ýakyndan maslahatlaşmaga şertler dörär. Ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň gurluşynda amala aşyryljak möhüm ähmiýetli özgertmeler milli demokratiýanyň kämilleşmeginde oňyn netijeler berjekdigi hem guwandyryjydyr. Milli demokratiýanyň kanunçylyk esaslarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi bolsa ýurdumyzyň ähli ugurlarda gülläp ösmeginiň baş şertleriniň biridir.

Şu hakykatlardan ugur alyp aýdanyňda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Türkmenistanyň Mejlisiniň bir palataly ulgama geçmegi agzybir halkymyzyň egsilmez döredijilik mümkinçiligini bir kuwwatly güýje öwrüp, Arkadagly Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni dabaralandyrýan taryhy tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegine gönükdirmäge mümkinçilik berer.

 

Guwanç ÇENDIROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat

geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR