Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, Balkan welaýat kitaphanasy bilen bilelikde edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň we ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly duşuşyk çäresi geçirildi. Biz ýaşlara uly ynam bildirilýän ýylymyzda Türkmenistan Watanymyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda zähmet gaýnap joşýar. Dürli ulgamlarda zähmet çekýän raýatlaryň aglaba böleginiň ýaşlar bolmagy bizi has-da buýsandyrýar. Şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi ýaşlaryň gujur-gaýratyna, ukybyna uly ynam bildirilýändigini beýan edýär. Täze taryhy döwürde ýaşlar öz zehinleri bilen ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşýarlar. Olaryň iň döwrebap tehnologiýalara erk etmekleri, dünýä dillerini bilmekleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şonuň üçin hem olaryň ukyp-başarnyklary sanly ulgamy ösdürmekde hem, işleri döwrebap alyp barmakda aýratyn ähmiýetlidir. Bu günki gün biz ýaşlarymyza tüýs ýürekden buýsanýarys. Çünki biz orta mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň halkara bäsleşiklerinde uly üstünlikleri gazanýandyklaryny görýäris. Munyň özi hem ýaşlarymyzyň aýratyn ukyp başarnykly, zehinlidigini aýdyň beýan edýär. Şeýle ýaşlar ösüşlere goşant goşmaga hem, işleri üstünlikli alyp barmagada ukyplydyrlar. Görnüşi ýaly, ýaşlar Watanymyzyň nurana geljeginiň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine belent maksatlary durmuşa geçirýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir» diýip belleýär. Munuň özi hem röwşen geljegimiziň has-da ösüşli boljakdygyny alamatlandyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaş nesilleriň bagtyýar geljegi üçin ýurdumyzda döwlet tarapyndan uly alada edilýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlar baradaky aladanyň subutnamasydyr. Türkmen ýaşlarynyň tehnologiýanyň iň soňky gazananlaryndan, sanly ulgamdan oňat baş alyp çykmaklary döwrüň talabydyr. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz ýaşlara bil baglap, uly ynam bildirýär, çünki kalby ata Watanymyza söýgüden doly ýaşlar geljekde kämil hünärmenler bolup ýetişmelidir. Ajaýyp döwrümizde ýaşlar şeýle bagty duýup ýaşaýarlar. Bu günki gün bagtyýar ýaşlarymyz öz öňlerinde belent maksat goýup, ynamly öňe barýarlar. Ýaşlary şeýle bagta eýe eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
E.ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.