DEMOKRATIK ÝÖRELGELERIŇ ÝOLUNDA

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwlet we milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde obalarymyz, şäherdir şäherçelerimiz özgerýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda uly sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzda döwlet häkimiýet edaralarynyň düzümleriniň yzygiderli kämilleşdirilmegi hem Watanymyzy ösüşleriň täze derejesine çykarmagyň ýolunda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiň bilelikdäki maslahatyny geçirip, onda çuň manyly çykyş etmegi hem-de ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýetiniň düzümlerini kämilleşdirmek bilen bagly taryhy teklipleri öňe sürmegi watandaşlarymyzda giň seslenme döretdi. Milli Liderimiziň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny - Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek boýunça öňe süren teklibini täze taryhy döwrümizde halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda döwlet gurluşy babatda  toplan tejribesine, döwletlilik ýörelgelerine, asylly däplerine berk eýerilýänliginiň subutnamasyna öwrüldi. Berkarar Watanymyz bu gün beýik ösüşleri başdan geçirýär. Hut şu nukdaýnazardan seredeniňde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň mejlisine öwrülmegi bilen bagly meseleler hakynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki Karary ýurdumyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik-syýasy gurluşyny kämilleşdirmegiň ýolundaky täze tapgyry alamatlandyrýar diýip aýtmak bolar. Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky bu möhüm başlangyç halkymyzyň ýagty ertirlerine ynamyny has berkidip, kalplara nur çaýýar. Halk Maslahatynyň täzeden döredilmegi agzybir halkymyzyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan taryhynda döwlet gurluşy babatda toplan dünýä nusgalyk tejribelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge giň mümkinçilik berer. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň "Watan diňe halky bilen Watandyr, döwlet diňe halky bilen döwletdir" diýen sözleriniň durmuş hakykatyna öwrülýändigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Halkyň bähbidine hyzmat edýän ýokary wekilçilikli edaranyň döredilmegi ýurdumyzy ykdysady taýdan has kuwwatly döwlete öwürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

 

Oguljahan WELIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Gyzylarbat etrap Geňeşiniň sanly

ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR