YKBALDAN SERPAÝLY BAGTA ÝAR ÝAŞLAR

Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň başarjaň, maksada okgunly, geljege ynamly ýaşlaryna berk ynanýar. Ösüp gelýän nesil barada hemmetaraplaýyn alada ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli oňyn özgertmelerde öz beýanyny tapýar. 28-nji ýanwarda paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy guramanyň Aşgabatdan we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wekillerini, öňdebaryjy mekdep okuwçylarynydyr talyp ýaşlaryny bir ýere jemledi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen bu forum Diýarymyzy özgertmek boýunça öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde ýaş türkmenistanlylara uly ornuň degişlidigini subut etdi. Şoňa görä-de, häzirki döwürde kanunçylyk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen baglanşykly Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Günüň ikinji ýarymynda şanly waka mynasybetli Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda ýaş döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda konserdiň geçirilmegi, ýaşlaryň buýsançly başyny göge ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz: “Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýmek bilen, ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmagy, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy, döwrebap bilim almagyny üpjün etmegi, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitledi. Arkadagly Serdarymyz täze taryhy döwürde Ýaşlar guramasynyň işine uly ähmiýet berýär.

Ýaşlary ýaşaýşyň baýdagyna deňeýän Arkadagly Serdarymyza, türkmen ýaşlaryna durmuşda ýol-ýörelge bolýan, parasatly öwüt-nesihatlaryny berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

 

Laçyn ANNAORAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher

Geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin

habar beriş bölüminiň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 19 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

23 Iýun 2025 | 266 okalan

MEDENIÝET — HALKYŇ RUHY BAÝLYGY