Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly we parasatly başlangyjy bilen binýady berkden esaslandyrylan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bu gün Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda belentliklerini nazarlap, öňe barýan ata Watanymyzyň her bir güni bize ajaýyp pursatlary, taryhy wakalary bagyşlaýar.
Bu gün ýaşlar jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän iri möhüm wakalara işjeň gatnaşýarlar hem-de ýurdumyzyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň geçirilmegi hem bütin halkymyz bilen bir hatarda ýaş nesliň wekillerini diýseň buýsandyrdy. Bu döwletli maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de türkmen halkynyň beýik sylagyna, belent sarpasyna, uly hormatyna mynasyp bolandygy göz öňünde tutulyp, Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine, hormatly Prezidentimiziň permany bilen bellenilmegi şeýle-de Gahryman Arkadagymyzy «Türkmen halkynyň Milli Lideri» diýip ykrar etmek hakyndaky Konstitusion kanunyň kabul edilmegi bagtyýar ýaşlaryň hem durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyz merdana halkymyzyň ata Watana, ene topraga bolan mukaddes söýgüsini häzirki döwürde ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemegiň düýp özeni hasaplap, döwrümiziň baýdak göterijileri bolan ýaşlar bilen duşuşyp, olara özüniň gymmatly öwüt-nesihatlaryny berýär. Munuň netijesinde, atalaryň päk zähmetinden, eneleriň mähir-mylakatyndan görelde alýan nesiller watansöýer, päk ahlakly, belent adamkärçilikli, kämil hünärli, ylym-bilimli ýaşlar bolup ýetişýärler. Bu işleriň mysalynda parasatly pederlerimiziň «Asyrlara barabar yz goýjak bolsaň, nesil terbiýeläp ýetişdir» diýen çuňňur pähimi aýdyň şöhlelenýär. Ykbaly galkynan bagtyýar ýaşlar bu tutumly işleri mähriban halkymyzyň hem-de eziz diýarymyzyň ýagty geljeginiň aladasy hökmünde kabul edip, Watanymyzyň, halkymyzyň abraýynyň arşa göterilmegine öz mynasyp goşantlaryny goşup, tutanýerli, maksadaokgunly ak ýürekden halal zähmet çekýärler.
Özleri üçin döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanýan Arkadagly ýaşlar diňe bir döwlet tarapyndan döredilip berlen şertleriň hözirini görmek bilen çäklenmän, eýsem bu ajaýyp durmuşymyzy, Garaşsyzlyk zamanymyzda ýeten ösüşlerimizi mynasyp wagyz-nesihat etmekde aýdyň netijeleri gazanýarlar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem özüniň taryhy çykyşynda ýurdumyzyň ýakyn geljekdäki wezipelerini kesgitledi we olary üstünlikli amala aşyrmakda, biz ýaşlarymyzy ýurdumyzyň geljegi hasaplaýarys. Biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr. Men türkmen ýaşlarynyň bu belent ynamy ödejekdiklerine berk ynanýaryn diýip, ýaşlara uly ynam bildirdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bereketli gelen 2023-nji ýylynyň ilkinji günleriniň syýasy, jemgyýetçilik, halkara ähmiýetli taryhy wakalary biziň her birimizi täze belent maksatlara galkyndyrýar, at-abraýy dünýä dolan Garaşsyz Watanymyza, Hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza bolan milli buýsanjymyzy has-da belende göterýär.
2023-nji «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda bagtyýar ýaşlarymyzyň uly sabyrsyzlyk we ruhubelentlik bilen garaşýan, «Arkadagly Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň möhüm wakasyna öwrülen, paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynda öňde goýlan täze wezipeler hem ýaşlar syýasatynyň giňden dabaralanmagyna uly badalga boldy.
Hakykatdan hem, häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly girýän Türkmenistan döwletimizde ýaşlaryň hak-hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Hakykatdan hem, Hormatly Prezidentimiz elmydama ýaşlar baradaky aladany üns merkezinde saklaýar. Sebäbi şugünki ýaşlar baradaky alada biziň röwşen geljegimiziň kepili bolup durýar. Bu röwşen geljek bolsa ýaşlarymyzyň çuňňur ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmeklerini talap edýär.
Biz hem Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň «Ýaşlar – mähriban Watanymyzyň geljegi» diýen sözlerini özümize baş şygar edinip, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we parahatsöýüjilikli daşary syýasatlaryny doly derejede goldap, Watanymyza mynasyp ýaş nesli kemala getirmek-de, olaryň watansöýüji nesiller bolup ýetişmeklerinde yhlasly zähmet çekeris.
Goý, ýaşlar syýasatyny özüniň ynsanperwer içeri hem daşary syýasatynda esasy ýörelgä öwren, ýaşlar jemgyýetiň iň işjeň bölegidir diýip ýaşlara uly ynam bildirýän, olary ýaşaýşyň baý Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Enejan DOLAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
esasy hünärmeni.