“ÝAŞLAR ÝURDUŇ GELJEGI!”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň täze belentliklerine we üstünliklerine tarap ynamly öňe barýar. Sazlaşykly ösýän ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça amala aşyrylýan içeri we daşary döwlet syýasaty zähmetkeş halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagyna, ýaş nesillerimiziň röwşen geljegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň at abraýy barha belende galýar. Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň ählisi halkymyzyň ajaýyp durmuşda bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilendir. Şeýle alnyp barylýan tutumly işleriň çäklerinde ýurdumyzda ýaşlar baradaky alada hem öz mynasyp ornuny tapýar. Döwlet Baştutanymyz ýaşlar baradaky aladany elmydama aýratyn üns merkezinde saklaýar. Şu günki ýaşlarymyz baradaky alada biziň bagtyýar ýaşaýşymyzyň, owadan geljegimiziň kepilidir. Ata Watanymyzda agzybir halkymyzyň öndürijilikli halal zähmet çekip, bol elin durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli we döwrebap bilim hem-de terbiýe almaklary we olaryň bagtyýar geljekleri üçin uly işler alnyp barylýar.

Häzirki döwürde Türkmenistan döwletimiziň ösüşinde we geljeginde ýaşlar baradaky döwlet syýasaty möhüm we wajyp orna eýedir. Ýaş raýatlaryň döwleti we jemgyýeti dolandyrmakdaky we ösdürmekdäki ornunyň güýçlendirilmegine gönükdirilen Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda şeýle hem “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda (rejelenen görnüşi) döwletimiziň ýaş raýatlarynyň döwrebap bilim-terbiýe almagy, sazlaşykly ösmegi we giň dünýä garaýyşly hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin zerur mümkinçilikler göz öňüne tutulandyr.

Arkadagly Serdarymyzyň: “Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” – diýen ruhlandyryjy sözleri ýurdymyzda ýaşlara bildirilýän ynamyň aýdyň subutnamasydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň şu ýylynyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy şu ýylyň ýaşlarymyzyň durmuşy bilen baglanşykly boljakdygynyň habarçysydyr. Bu ýylyň ilkinji aýynda, has takygy 2023-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda möhüm we jemgyýetçilik waka bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň VIII gurultaýynyň geçirilmegi hem munuň şeýledigini anyk subut edýär.

Dürli kärlerde zähmet çekýän, okaýan ýurdymyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu Gurultaýda kabul eden kararlar, öňde goýulan wezipeler, maksatlar hem-de ýörelgeler, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärlerini, ýaş nesillerimiziň ata-balarymyzdan asylly dowam edip gelýän milli däp-dessurlarymyza laýyk terbiýelenmegine, olara her bir işde hemaýatçy bolmaga, hormatly Prezidentimiziň biziň öňümizde goýýan wezipelerini ak ýürekden ýerine ýetirmäge, Watanymyzyň gelejegi bolan ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli giň dünýä garaýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzdaky beýik özgertmelere we ajaýyp ösüşlere öz mynasyp goşantlaryny goşmaga borçly edýär.

Biz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri hem ýurdumyzda milli demokratiýanyň sazlaşykly ösüşini, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny yzygiderli üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynda ýaşlarymyza aýratyn ynam bildirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýärin.

 

Gurbanberdi ANNANUROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 19 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

23 Iýun 2025 | 266 okalan

MEDENIÝET — HALKYŇ RUHY BAÝLYGY