HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda gözel paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi. Oňa Ýaşlar guramasynyň Aşgabatdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wekilleri gatnaşdylar. Nobatdaky gurultaýyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Ýaşlaryň döwrebap bilimli, aň-düşünjeli bolup, ruhy-ahlak we beden taýdan sagdyn ýetişmekleri baradaky meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň beýik özgertmeler ýoly bilen öňe gitmegini hut ýaşlar bilen baglanyşdyrýar. Öňde goýlan beýik maksatlara ýetmekde ýaş türkmenistanlylara uly orun degişlidir. Gurultaýyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri, şeýle hem “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini hem-de döwrüň möhüm wezipelerini nazarda tutup, Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek we beýleki birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty häzirki wagtda 900 müňden gowrak agzany birleşdirýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu gurama ýaş raýatlaryň bähbitlerini goraýan ýurdumyzdaky iri birleşmedir. Ýaşlar guramasy esaslandyrylan gününden, has takygy, 1991-nji ýylyň 16-njy noýabryndan bäri sagdyn bedenli we ruhy-ahlak taýdan ösen, zähmetsöýer, başarjaň, Watana wepaly nesilleri terbiýelemekde netijeli işleri alyp barýar. Gurama 30 ýyldan gowrak wagtdan bäri öz agzalaryny jebisleşdirmek boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirip, olaryň ukyp-başarnyklaryny, bilimlerini Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy yzygiderli ösdürmäge gönükdirýär. Forumyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan göçme sergi bilen tanyşdylar. Sergide häzirki zaman Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasy barada gürrüň berilýär.Şeýle-de gurultaýyň dowamynda guramanyň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy boldy. Olara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Arkadagymyz – Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Şu gezekki forum türkmen ýaşlarynyň agzybirligini, Watanymyzyň röwşen geljeginiň hem-de täze taryhy eýýamyň beýik taglymlarynyň dabaralanmagynyň hatyrasyna döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň daşyna jebisleşýändiklerini ýene bir gezek aýdyňlygy bilen görkezdi. Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Hoşallyk maslahata Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlyklary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

 

Sapar ARAZNEPESOW,

TMÝG-nyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

25 Iýun 2025 | 2 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI

25 Iýun 2025 | 1 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI