Bu günki gün gözbaşyny gojaman taryhyň gatlaryndan alyp gaýdýan gadymy halkymyz bagtyýar gelejegi nazarlap, barha öňe barýar. Il-halkynyň asuda-abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda tutanýerlilik bilen yhlasly zähmet çekýän Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda watanymyzda alnyp barylýan hem-de durmuşa ornaşdyrylýan ägirt uly işler mähriban halkymyzy eşretli ertirlere tarap alyp barýar. Watanymyzyň ähli taraplaýyn ösüşine eziz diýarymyzda alnyp barylýan içerki we daşarky syýasatlara mynasyp derejede saldamly goşant goşýan türkmen ýaşlary bu günki gün uly işleri alyp barýarlar. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň kanuny ýaşlarymyz üçin uly ösüşleri nazarlaýan ajaýyp gelejegiň aýdyň subutnamasy boldy. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň kanuny häzirki wagtda ýaş nesillerimizi ählitaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri, olaryň gadymdan bäri dowam edip gelýän asylly ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy, milli edim-gylymlarymyzy özlerine ýörelge edinmekleri üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar. 2023-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi. Gurultaýa Aşgabatdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wekilleri gatnaşdylar. Gurultaýyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreler, şeýle hem “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini hem-de döwrüň möhüm wezipelerini nazarda tutyp, Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi we beýleki birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ýurdumyzda okaýan işleýän ýaşlarmyzyň ýürek buýsançlary diňlendi şeýlede ýurdumyzyň öňde baryjy ýaşlaryna Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýadygärlik gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Berkarar döwletiň täze Eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz hemişelik Bitarap ýurdumyzy gülläp ösmeginde Watanymyzyň Şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmegine ýaşlarmyzyň kämil bilim almagyna, döredijilikli zähmet çekmegine şu mukaddes watana ak ýürekden gulluk etmegine ýaşlarmyzyň mynasyp paýy bar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň alyp barýan işini mundan beýläk-de has-da kämilleşdirlen “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň kanuny uly ähmiýete eýe bolar. Berkarar döwletiň täze Eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen watandyr, Döwlet diňe halky bilen döwlet ” diýen ajaýyp ýörelgeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýän döwründe ýaşlaryň hukuk goraglylygynyň üpjün edilýändigine we olaryň ählitaraplaýyn bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin oňyn şertleriň döredilýändigine tüýs ýürekden buýsanýarys. Diýarymyzyň güýçli depginler bilen ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitleýän Milli maksatnamalarda göz öňünde tutulan çäreler, dürli pudaklarda alnyp barylýan düýpleýin işler ýaşlaryň esasy hukuklaryny we borçlaryny kadalaşdyrýan kanunçylygyň kadalary ýetilen sepgitleri doly tassyklaýar.
“Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň kanuny Türkmenistan döwletimizde ýaşlar syýasatynyň esasy ýörelgelerini kesgitlemekde we Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini, ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, hem-de ýaşlar birleşikleriniň hukuklaryny amala aşyrmagy kepillendirmekde möhüm esasy ugurlaryň biri bolar. Ýurdumyzda ilkinjiler bolup döwrümiziň baýdagyny götermek ýaşlara ynanylýar. Öňdebaryjy, zähmetsöýer, ata-watana, ene topraga wepaly, yhlasly, watansöýüji ýaş oglan-gyzlara watanymyzyň şöhratyny has-da artdyrmak üçin uly ynam bildirilýär. Bu beýik ynam ýaşlarymyzyň yhlaslylygyny, zähmete bolan höwesliligini artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran Berkarar döwletiň täze Eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň dünýä derejesinde kämil sowatly,aňly-düşünjeli, hakyky watançylar bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Watanymyzyň dünýä derejesinde ösüşine, eziz Arkadagymyzyň alyp barýan ägirt uly işlerine mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň zähmetsöýer işgärleri “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegine tüýs ýürekden begenýärler. Ýaşlarymyzyň yhlasly okamagy, döredijilikli zähmet çekmegi hem-de Ýaşlarymyzy bagtyýar hem-de eşretli ertirlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza berk jan saglygyny, beýik tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Näzik ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.