“ÝAŞLAR BILEN BEÝIK GELJEGE TARAP”

Türkmen halkynyň milli lideri  Gahryman Arkadagymyzyň ýyllaryň dowamynda görkezen şahsy göreldesinden ruhlanyp, Arkadagly Serdarymyz: “Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenilýär. Şoňa görä-de, Ýaşlar ýaş nesillerimize zähmet terbiýesini bermekde hem netijeli işleri alyp barmalydyr. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir” diýýär. 2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip yglan edilen ýylynyň 28-nji ýanwarynda paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy üstünlikli geçirildi.  Bu parasatly öwüt-ündewlere eýerip, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri mundan beýlägem öz öňümizde durýan möhüm wezipelere abraý bilen hötde geleris. Hormatly Prezidentimiziň şu aýdanlaryndan ugur alyp Bagtyýarlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi bilen bilelikde Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynyň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli “Ýaşlar bilen beýik menzillere tarap” ady bilen aýdym-sazly hoşallyk maslahat duşuşygy geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýörelgelerine ygrarly bolmakda hem-de mähriban Watanymyza ak ýürekden hyzmat etmekde, ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleri, Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatyny ýaşlarymyzyň arasynda giňden wagyz etmekde, ýiti zehinli, maksada okunly ýaşlary ýüze çykarmakda mundan beýläk-de yhlasly we netijeli zähmet çekeris. Şahyryň taryp edişi ýaly

“Gujurly, gaýratly ýaşlar bar” diýýän,

“Herki işde olar juda zor” diýýän,

“Geljegimiz mundanam zyýat bor” diýýän,

Arkadagly Serdary bar ýaşlaryň!

 biz – ýaşlaryň Arkadagly Serdary bar!

Berkarar döwleti bina edip, ýaşlary ýagty ertirlere ynam bilen alyp barýan, ýurduň bedew batly ösüşlerinde ýaşlara uly bil baglaýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

 

Bibigözel ANNAORAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar