Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe: “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” ýylynda biziň her bir günimiz şanly wakalara beslenip bedew bady bilen öňe barýar. Eziz Diýarymyzda röwşen geljegimiziň girewi bolan sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýä garaýyşly, Watana wepaly ýaşlary, ussat hünärmenleri terbiýelemek babatda giň gerimli işleri alnyp barylýar. 21-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda döwlet we jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň möhüm meselelerine, şol sanda Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek iki palataly ulgamy bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek bilen bagly meselelere garaldy. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatynda ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirilmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek boýunça öňe süren taryhy ähmiýetli başlangyçlaryny dolulygyna goldadylar. Bellenilişi ýaly giň ygtyýarlyklary boljak bu ýokary wekilçilikli edaranyň işine jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň, ýaşuly nesliň aýratyn-da ýaşlaryň gatnaşmaklary döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meseleleri boýunça çözgütleri kabul etmekde uly ähmiýete eýe bolar. Şeýle hem halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny Watanymyzyň abadançylygyny üpjün etmekde, onuň halkara abraýyny belende galdyrmakda bitiren ägirt uly işlerini nazara almak bilen, täze döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlamak baradaky teklip öňe sürüldi. Gahryman Arkadagymyzy kanun esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri diýip ykrar etmek baradaky teklipler hem dolulygyna goldanyldy. Maslahatyň dowamynda arakesme wagtynda geçirilen bilelikdäki mejlisinde “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda” “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” şeýle hem halkymyzyň islegleri we teklipleri nazara alnyp taýýarlanylan “Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Kanunlar Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna iberildi. Döwlet Baştutanymyz Kanunlara gol çekdi. Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edilendigi hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilendigi üçin hemmelere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, ildeşlerimiziň bu ägirt uly ynamynyň özüni ata Watanymyzy gülledip ösdürmegiň halkymyzy abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşatmagyň hatyrasyna mundan beýläkde yhlasly işlemäge borçlandyrýar diýip nygtady. Ynha şol maksat bilen Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” ýylynda Büzmeýin etrap häkimligi, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komiteti bilen bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň 144-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda bilim alýan ýaşlaryň gatnaşmaklarynda “Buýsan Watan öz bagtyýar nesliňe, olar sesin goşýar döwrüň sesine” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözler aýdyldy.
Batyrgeldi MYRADOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.