2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän içeri we daşary syýasatynda ägirt uly ösüşleri alamatlandyrylyp, täze öňegidişliklere, has belent sepgitlere ýol açdy.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanly wakalara beslenjek ýene bir ýylyny uly ynam hem ruhubelentlik bilen garşylan halkymyz ony täze-täze zähmet ýeňişlerine beslemek, gazanylan üstünlikleri berkitmäge mynasyp goşant goşmak üçin yhlasly zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda: “Men özüme bildirilen örän uly ynama ýokary baha berýärin.Bu ynamyň diňe özüme däl-de eýsem, bilimli-terbiýeli, iň öňdebaryjy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ähli türkmen ýaşlaryna hem bildirilen ynamdygyna düşünýärin” diýip aýratyn nygtap aýtdy.Ýaşlar ýurduň guwanjydyr, buýsanjydyr, şonuň üçinem ýaş nesilleri terbiýelemäge hemişe uly üns berip gelýän halkymyz özüniň geljegini olar bilen baglanyşdyrýar.Gahryman Arkadagymyz “Ýaşlar döwletimiziň şu güni we geljegidir. Ýaşlar biziň başyny başlan işlerimizi mynasyp dowam etdirijilerdir” diýip adalatly belleýär. "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly" bolan 2023-nji ýyl olaryň ýiti zehinini, döredijilik başarnygyny, dürli ugurlar boýunça ukybyny doly derejede ýüze çykarmagyň özboluşly badalgasy bolar.Ajaýyp zamanamyzda ata Watanmyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygyny bu gün bütin dünýä ykrar edýär.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlary özleriniň güýç-kuwwatyny, aň-düşünjesini Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanmyzy ösdürmäge gönükdirýärler.Olaryň alyp barýan jemgyýetçilik işleri, öňe sürýän başlangyçlary, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda çekýän yhlasly zähmeti muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Goý, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” hasda uly ösüşleriň ýyly höküminde şöhratlansyn!Munuň üçin il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işlere badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolup, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Baýramgül SARAÝEWA
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Bereket etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.