Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” ýurdumyzy ösdürmäge, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen başlangyçlara badalga berilýär. Syýasatda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, medeni-ynsanperwer ulgamlarda belent sepgitlere, ýeňişli menzillere ýetilýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” 28-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy hem ýaş nesillerimiz üçin täze mümkinçilikleri açdy.
TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşi we “Türkmennebit” DK-niň şahamçasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýyndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak, şol wezipeleri ýaşlara ýetirmek maksady bilen Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hoşallyk maslahat duşuşygyny geçirdi.
Gurultaýyň gün tertibine ýaşlar syýasatynyň meseleleriniň toplumy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesilleriň öňünde goýan häzirki we geljekki wezipelerini çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri, şeýle hem «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini we döwrüň möhüm wezipelerini nazarda tutup, Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hem-de beýleki birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Çäräniň ahyrynda Watana bolan beýik söýgä ygrarly, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dostlugy ýörelge edinen ýaşlarymyzyň ykbalynda uly orun aljak bu gurultaýyň ähmiýeti nygtaldy, şeýle hem ýaşlar bagtyýar ýaşlary abadan, eşretli durmuşyň eýesi eden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Olaryň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolup, Il-ýurt bähbitli beýik tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Ananýaz SAPAÝEWA,
TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.