“ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR, MUKADDES YNAMA WEPALY ÝAŞLAR!”

Taryhy hem-de şöhratly wakalara baý bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeler halkyň arzuw-isleginden ugur alyp, Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!”, Arkadagly Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. Arkadagly Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň gujur-gaýratyna, yhlasyna, başarnygyna uly ynam bildirýär. Hut şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz her bir çykyşynda ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluny dowam etdirmekde, Watanymyzyň bagtyýar geljegini berkarar etmekde ýaşlaryň güýjüne daýanylýandygyny aýratyn nygtaýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň ertirleriniň nurana we eşretli boljakdygyna ynamy artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň her birimiziň ýüregimizde döredýän bu beýik ynamy bizi durmuşda, zähmetde, döredijilikde täze üstünliklere we galkynyşa ruhlandyrýar.

Bilşimiz ýaly 2023-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Mekan köşgünde” Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň VIII Gurultaýy üstünlikli geçirildi. Nobatdaky Gurultaýda Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreler, şeýle hem “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini hem-de döwrüň möhüm wezipelerini nazarda tutup, Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi we beýleki birnäçe guramaçylyk meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, ýurdumyzda okaýan işleýän ýaşlarmyzyň ýürek buýsançlary diňlenildi, ýurdumyzyň öňde baryjy ýaşlaryna Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Gurultaýyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan guramanyň işgärleriniň, işjeň agzalarynyň, mekdep okuwçylaryň, Balkanabat şäherindäki ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda  hoşallyk maslahaty geçirildi. Hoşallyk maslahatynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran Berkarar döwletiň täze Eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ýaş nesiller baradaky giň gerimli aladalar, kämil şahsyýetiň kemala gelmegi ugrundaky tagallalar jemgyýetiň jebisligini, agzybirligini, berkararlygyny pugtalandyryp, döwrümiziň belent ruhy joşguny bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip atlandyrylmagy milli ýörelgämiz esasynda terbiýelenýän ýaşlara bildirilýän uly ynamyň nyşanydyr. Şanly ýylymyzyň ýaşlaryň durmuşy bilen baglanşykly ajaýyp şygara beslenmegi ýüregi buýsançdan, kalby joşgundan doly agzybir halkymyza çuňňur hoşallyk duýgusyny döretdi. Arkadagly Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen parasatly şygarynyň şeýle döwletli ýörelgeleriň täze taryhy eýýamda has-da baý many-mazmuna eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär. Çünki Ýaşlaryň owazy-ýaşaýşyň owazydyr. Ol owaz bagtyýar ýaşlaryň ýurdunda-Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda belentden-belent ýaňlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gujur­gaýrat bilen döredijilikli zähmet çekmek ýaşlaryň Watan öňündäki mukaddes borjudyr. Eziz Watanymyza hyzmat etmekden belent borjuň ýokdugyny hemişe ündeýän hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri bolan Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda görkezýän şahsy göreldesi ählimiz üçin, aýratyn hem, türkmen ýaşlar üçin ajaýyp nusgadyr, durmuş uniwersitetidir. Çünki bu gün hormatly Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary türkmen halkynyň ýüregine täze taglymat bolup ornady diýip belläp geçdiler. Çykyşlaryň ahyrynda şeýle ajaýyp döwletli-döwrany peşgeş beren Ýaşlaryň hak howandary Gahryman Arkadygymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Gözel SAPARMÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR