“BAGTYÝAR ÝAŞLARYŇ BUÝSANJY”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni türkmen taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Ýurdumyzda halkymyzyň abadan ýaşaýşy, ýaşlarymyzyň döwrebap şertlerde ylym we bilim almagy ugrunda döwlet derejesinde aladalar edilýär. Şu nukdaýnazardan, eziz Diýarymyzda bolup geçýän her bir taryhy waka halkymyzyň ruhuny belende göterýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyz taryhy wakalara beslenýär, ýatdan çykmajak buýsandyryjy pursatlary peşgeş berýär. Şeýle buýsandyryjy pursatlar ýaşlarymyzyň hem kalbynda pugta orun aldy. Şeýle taryhy wakalaryň biri hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy geçirildi.Bu gurultaýda ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuşyna, geljegine aýgytly täsir etjek möhüm meselelere garaldy, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizildi. Bu şanly wakalar diňe bir ýaşlarymyzda däl-de, eýsem, her birimizde buýsanç döretdi. Ýaşlar biziň röwşen geljegimiz, şu günki buýsanjymyz bolup durýar. Şonuň üçin hem ýaşlaryň terbiýesi, olaryň bilimli bolup ýetişmegi ähli ildeşlerimizi gyzyklandyrýar. Ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmegi, watansöýüji adamlar bolup ýetişmegi baş wezipeleriň biridir. Watany söýmek, il-güne hyzmat etmek halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgesidir. Şonuň üçin hem milli ruhda terbiýe alan ýaş nesiller Watana wepaly, kämil şahsyýetler bolup ýetişýärler. Pähimdar pederlerimiziň döreden ýörelgelerini, milli gymmatlyklaryny ýaş nesilleriň aňyna guýmak, milli ruhly adamlary kemala getirmek asylly terbiýedir. Ýaş nesilleri kämil edip ýetişdirmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmegine, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmegine mynasyp goşantdyr. Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegimiziň has-da ösüşli boljakdygyny aýdyň beýan edýär. Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesinden ruhlanyp, ýaş nesilleriň watansöýüji, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin mynasyp goşandymyzy goşarys. Şeýle hem ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleri, alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasaty ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz ederis, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda mundan beýläk-de yhlasymyzy, zähmetimizi gaýgyrmarys. Ylym-bilimi ösdürmekde, ýaş nesilleri terbiýelemekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolup beýik tutumly işleri üstünliklere beslensin!

 

Oguljeren ÇENDIROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR