Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşdir özgerişlerini, halkymyzyň dünýäni haýrana goýýan milli gymmatlyklaryny, ruhy mirasyny wagyz etmekde hem uly işler alnyp barylýar. Halkymyzyň pähim-paýhasyndan, eli çeper ene- mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehin-yhlasyndan kemala gelen nepis halylardyr gülli keçeler, sünnälenip nagyşlanan milli lybaslar, inçelik bilen edilen el işleri hiç haçan bahasyny ýitirmejek milli gymmatlyklarymyzdyr. Gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän işleriniň ählisi-de nepis sungat hasaplanylýar.
Milli lybaslarymyzdaky her bir nagyşymyz görenleri haýrana goýýar. Türkmen tebigatynyň gülünden, gunçasyndan nusga alnyp, döwrebaplaşdyrylyp döredilen nagyşlar bu günki gün milli lybaslarymyzy bezeýär. Keşdedir gaýmalar, halydyr palaslar, kilimler ýüreklerde baky orun alan gözelliklerdir.
Şu nukdaýnazardan ugur alyp TMÝG-niň Magtymguly etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde “Keşde çeker gyz-gelinler” atly şygar astynda gezelenç duşuşygyny gurnady. Bu gezelenç duşuşygyna gatnaşan ýaş gyzlarymyz milli mirasymyz jemgyýetiň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bir bölegidir diýip bellediler. Türkmen halkynyň gadymy medeni mirasy, ruhy gymmatlyklary asyrlaryň uzak heňňamlarynyň dowamynda barha baýlaşyp, kämilleşip gelýär. Häzirki wagtda halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan milli ruhy medeni mirasyny öwrenmek, toplamak, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak we geljekki nesillere ýetirmek babatynda möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär diýip gezelenç duşuşygyna gatnaşan ýaşlarymyz buýsanç bilen bellediler.
S.MYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Magtymguly etrap Geňeşiniň başlygy.