Üstünlikli geçen ýyllaryň hersine mynasyp at berilmegi asylly däbe öwrüldi. 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýlip atlandyrylmagy, şanly ýylymyzyň ýaşlaryň durmuşy bilen baglanyşykly ajaýyp şygara beslenmegi kalby joşgundan, ýüregi buýsançdan doly agzybir halkymyzda hoşallyk duýgusyny döretdi. Ýaş nesilleriň arzuw-umytlaryny uly üstünliklere besleýän Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlaryň aýdyň geljegi ugrunda durmuşa geçirýän beýik işleri berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini has-da ýokarlandyryldy, ýaşlaryň ata Watanymyza bolan söýgüsini, döredijilikli durmuşa bolan höwesini, zähmete bolan yhlasyny has-da artdyrdy. Biri-birinden zyýada bolup gelýän ýyllaryň hersi taryha altyn sene bolup ýazylýar.
Mälim bolşy ýaly, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň altyn güýzüniň ilkinji gününde paýdagtymyzyň Mekan köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII Gurultaýynyň geçirilmegi, bu Gurultaýda ýurdumyzyň ýaşlaryna uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyş etmegi, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekilmegi we ýaşlar bilen bagly ähli meselelerde öňde duran wezipeleriň kesgitlenilmegi, türkmen halkynyň ýagşy geljegi üçin ädilen ýene bir möhüm ädim boldy. Ýaşlar döwletimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge, ykdysady kuwwatyny berkitmäge, şeýle hem, döwlet we milli Maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Ýaşlar bilim, ylym, medeniýet hem-de tehnologiýa babatda ýurdymyzyň ösüş depginine mynasyp goşandyny goşýarlar. Arkadagly Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň gujur-gaýratyna, yhlasyna, başarnygyna uly ynam bildirýär. Hut şonuň üçin hem, hormatly Prezidentimiz her bir çykyşynda ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluny dowam etdirmekde, Watanymyzyň bagtyýar geljegini berkarar etmekde ýaşlaryň güýjüne daýanýandygyny aýratyn nygtaýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň ertirleriniň nurana we eşretli boljakdygyna ynamy artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň her birimiziň ýüregimizde döredýän bu beýik ynamy bizi durmuşda, zähmetde, döredijilikde täze üstünliklere we galkynyşa ruhlandyrýar.
Abul HAÝTBAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.