Ýaşlyk sözi bagtyýarlyk sözi bilen mydama ugurdaş gelýär. Muny ýylymyzyň şygaryndan hem görmek mümkin. Bagtyýar zamanamyzyň bagtyýar ýaşlary bu günki gün türkmen halkynyň Milli Lideri – Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda yhlasly, tutanýerli we joşgunly zähmet bilen ýaşaýarlar, gurýarlar, döredýärler. Ýaşlar döwür bilen deň gadam urup, barha öňe gitmelidir. Çünki ýaşlar döwletiň we döwrüň geljekki binýadydyr.
Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy bilen döredilen “Arkadagly Ýaşlar” žurnalynyň giň okyjylar köpçüligine ýetirilmegi “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” zähmet üstünlikleri bilen öňe barýan her bir okyjy üçin ajaýyp sowgat boldy. Ylaýta-da, ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanma boldy. Žurnal hormatly Prezidentimiziň ýaş zehinleri ýüze çykarmak, goldamak we höweslendirmek baradaky taglymlarynyň amal bolýandygynyň subutnamasyna öwrüldi. Çünki bu žurnal arkaly geljekde zehinli ýaşlaryň ençemesi öz pikir-garaýyşlaryny, buýsançlaryny öz deň-duşlary bilen paýlaşmak, pikir alyşmak mümkinçiligine eýe bolarlar.
“Arkadagly Ýaşlar” žurnalynyň ilkinji sany özüniň çeperçiligi, täzeçilligi we özüne çekijiligi bilen bada-bat ünsi çekýär. Ajaýyp suratlaryň manyly jümleler bilen sazlaşygy bolsa, her bir okyjyda uly gyzyklanma döredýär. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň ajaýyp goşgulary hut şu zamana, şu döwre, şu döwrüň bagtyýar ýaşlaryna bolan ýüzlenmedir. Döwrüň gadamlarynyň batly seslenmesidir. “Arkadag şäheri – baky bagtyýarlygyň mekany” makalasy bolsa täze bagt şäheriniň, nowjuwan şäheriň nowjuwan ýaşlyk bilen sazlaşygyny öňe çykarýar. Bagt şäherimiziň rowaçly gadamlarynyň ümzügi ýaşlar ýylynda has-da batly, joşgunly. Döwrüň bagtyýarlyk hekaýaty ajaýyp makalada öz aýdyň beýanyny tapýar. Agageldi Italmazowyň ylmy seljermesi bolsa ýaşlar üçin örän jüpüne düşdi. Munda ýaş, zehinli ylym muşdagynyň ylmy gözlegleri bilen tanyşdyrylmagy ylma höwesli ýaşlaryň ençemesi üçin buşluk bolup eşidilýär. Bu makala geljekde hem ýaş zehinleriň özleriniň saýlap alan ugurlary boýunça ylmy gözleglerini giň okyjylar köpçüligine beýan etmegiň ýolunda giriş bolup durýar. Halypa žurnalistler Rahmet Gylyjowyň, Kakamyrat Rejebowyň pikir-garaýyşlary bilen tanyş bolanyňda, ýaşlar üçin milli terbiýe gymmatlyklaryny öz içine alýan ajaýyp pikirler bilen gabatlaşýaň. “Bu günki beýik ykbally ýaşlar aňyýet tuguny göteriji nesildir” diýip, çuň manyly pikir ömür öwüşginlerindäki pursatlar bilen edil seni paýhas ummanyna alyp barýan ýaly. Ýaş, zehinli žurnalist Gülşirin Hanowanyň makalasy bolsa ýaşlygyň, nowjuwanlygyň sesi bolup, ýaş ýürekleri söýgi ummanynda telwas eýläp, yşk tokunlary bilen sataşdyrýar. Žurnalyň bütin dowamynda şunuň ýaly biri-birinden gyzykly, täsirli makalaryň ençemesine giň orun berilýär. Makalaryň köpöwüşgünliligi, many goýazylygy we pikir ýordumlygy okyjalarda dürli garaýyşlary ýüze çykarýar.
Biz – ýaşlar ajaýyp sowgat üçin hem-de täze žurnalyň ilkinji okyjylary bolýandygymyza çäksiz buýsanýarys.
Biz – ýaşlaryň okamaga, öwrenmäge, ylym bilen meşgullanmaga, öz bilimimizi artdyrmaga, hünärimizi kämilleşdirmäge döredýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň milli Lideri – Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Bize durmuşda, zähmet ýolumyzda ugur-ýol görkezip, nusgalyk görelde mekdebi bolup durýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, röwşen ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Gurbanmyrat GURBANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.