Her bir güni rowaçlyklara beslenýän eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler ylham bolup kalplara egsilmez joşgun paýlaýar. Halk bähbidinden ugur alýan döwletli tutumlaryň esasynda ýaşlar baradaky aladanyň durandygy bolsa, diýseň guwandyryjydyr. Ýurdumyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen düşünjeli, kämil adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär. Şeýle aladalar bolsa, Ýaşlar guramasynyň işiniň ilerlemegine hem örän uly täsirini ýetirýär.
2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII Gurultaýynyň geçirilmegi biz – bagtyýar ýaşlaryň buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlaryna uly ynamyň bildirilýändigine doly şaýatlyk edýär. Bu belent ynamy ödäp, kalbyndaky buýsanjy bilen mukaddes borja wepaly ýaşlar “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny” uly zähmet ýeňişlerine beslemek ugrunda okaýarlar, öwrenýärler, döredýärler, önjeýli zähmet çekýärler.
Esasy syýasy waka bolup, üstümizdäki ýylymyzyň taryhynda orun alan bu dabaraly forumda garalan meseleleriň we kabul edilen çözgütleriň hemmesi gönüden-göni ýaşlaryň bagtyýarlygyny üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga, täze zehinleri ýüze çykarmaga we kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Arkadagly Serdarymyzyň bu Gurultaýa gatnaşyjylara iberen çuň manyly Gutlagy, forumda Ýaşlar guramasy bilen bagly garalan möhüm meseleler, kabul edilen çözgütler, şeýle-de guramanyň Tertipnamasyna girizilen üýtgetmelerdir goşmaçalar ýaşlarda uly ruhubelentlik döretdi.
Hormatly Prezidentimiziň: “Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr, jemgyýetimiziň işjeň bölegidir” diýip belleýşi ýaly, häzirki döwürde bagtyýar ýaşlarymyza uly ynam bildirilýär. Ýaşlara bildirilýän ynamyň, buýsanjyň özeninde uly many bar. Çünki Milli Liderimiziň binýadyny goýan, Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän beýik işleriniň netijesinde, Berkarar Watanymyzyň her bir ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Muny biz her bir ädimde görýäris, duýýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň şeýle göreldesi biz – ýaşlar üçin nusga alarlyk mekdep bolup durýar.
Ýurdumyzda ýaşlar hakynda uly aladalaryň edilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolan “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagyna, okamagyna, işlemegine gönükdirilendir. “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy” ýaşlar barada edilýän aladanyň örän uludygynyň nobatdaky subutnamasy bolup, ol ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde, olarda milli gymmatlyklarymyza, medeniýetimize, sungatymyza, edebiýatymyza we halkymyzyň taryhyna söýgi döretmekde, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek bilen bagly geçirilýän wagyz-nesihat hem-de aň-bilim işleriniň derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistan döwletimizi ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan, türkmen ýaşlarynyň hak howandary, türkmen halkynyň Milli Lideri – Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halkymyzyň hem-de döwletimiziň bähbidine gönükdirilen belent tutumly işleriniň dowamaty dowam bolsun!
Altyn ATAKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.