ARKADAGLY ÝAŞLAR

Eziz Diýarymyzyň ösüşleriň we özgertmeleriň ýoly bilen öňe barýan ajaýyp günlerinde ak mermerli paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII Gurultaýyna gabatlanyp, “Arkadagly Ýaşlar” atly elektron žurnalynyň birinji sanynyň çapdan çykmagy, biz ýaşlaryň buýsanjyny göge ýetirdi. Bu elektron žurnal ýaşlarymyzy täze döredijilik we ylmy gözleglere ruhlandyrmakda, şeýle-de, olaryň sanly ulgamyň üsti bilen döwrüň sesine ses goşmagyny gazanmakda uly meşhurlyga eýe bolar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaşlara ýakyn maslahatçy bolup hyzmat eder.

“Arkadagly Ýaşlar” žurnaly aýda bir gezek türkmen, rus we iňlis dillerinde taýýarlanýan çeper-publisistik, ylmy-populýar, bezegli neşir bolup, ýaşlaryň durmuşyna degişli makalalar, onuň üsti bilen türkmen şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň goşgulary, hekaýalary, söhbetdeşlikleri, peýdaly maslahatlary bilen okyjylarymyz içgin tanşyp bilerler. Bulardan başga-da, onuň sahypalarynda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeler we olary ilerletmäge, ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge ýaşlaryň goşandy, döwletimiziň içinde we daşary ýurtlarda türkmen ýaşlarynyň bilimde, sportda, ylymda hem-de beýleki ugurlarda gazanan üstünlikleri giňden beýan ediler.

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi, döretmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri – Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri dowamat dowam bolsun!

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar