ARKADAG SERDARLY ÝURTDA ÝAŞLAR BAGTYÝAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda kämil nesilleri kemala getirmekde alynyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary esasynda, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň şygarynda hem ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaşlara bildirilen uly ynam öz beýanyny tapýar. Çünki Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Biz – ýaşlar Arkadagly Serdarymyzyň kämil paýhasynyň, durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatynyň netijesinde, bu günki gün berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eýeleri bolduk. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaşlaryň kämil bilim almagyna, döretmegine, zähmet çekmegine, berkarar döwletimize ak ýürekden gulluk etmegine uly mümkinçilikler döredilýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri, işjeň agzalary bolup, bagtyýar ýaşlarymyz bilen “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” hem Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar babatdaky alyp barýan syýasatyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde has-da önjeýli zähmet çekip, Arkadagly Serdarymyzyň daşyna jebisleşip, ýurdumyzyň ösüşlerine özümiziň mynasyp goşandymyzy goşarys!

 

Tahyr TIRKEŞOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY