ÝAŞLAR – ÝURDUŇ GELJEGI

Halkymyzyň köňül şygaryna öwrülen hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen parasatly jümleleri ýaşlaryň Watanymyza bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Halk hem Watan baradaky mukaddes düşünjelerimizi, söýgümizi belende galdyrýar. Ähli bilimlerimizi hem-da başarnyklarymyzy Watanymyzyň ösüşlerine, dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da ýokarlanmagyna bagyş etmäge ruhlandyrýar. Berkarar döwletimiziň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhraty, parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dostlugyň, ruhubelentligiň, sportuň hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ýurdy hökmünde  halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanmagy merdana watandaşlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary has-da döredijilikli işlemäge, täze ösüşlere, okamaga, beýik maksat bilen zähmet çekmäge ganatlandyrýar. Ýurdumyzyň ösüşlerini mundan beýläk-de artdyrmak ýaş nesillere ynanylýar. Ösüşler bolsa täze pikirleri talap edýär. Täze pikirler bolsa hemişe sagdyn, ruhubelent, zähmetsöýer adamlara mahsus häsiýetdir. Şeýle häsiýetleriň Watanyň, halkyň abraýyny öz buýsanjy hasaplaýan nurana ýaşlarymyzda kemala gelendigini aýtmak gerek. Ýaş raýatlaryň oňat bilim almagy, geljekki hünärini saýlap bilmekleri hem-de öz zehinlerinden, ukyplaryndan netijeli peýdalanmaklary üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini aýratyn bellemelidiris. Türkmen ýaşlarynyň üstünligi Diýarymyzyň guwanjy bolýan bolsa, ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri ýaşlaryň buýsanjyna, watançylygyň belent nusgasyna öwrülýär. Türkmen talyplarynyň we okuwçylarynyň her ýyl dürli ugurlar boýunça abraýly halkara olimpiadalarda ýeňiş gazanmagy innowasion özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň  aýdyň subutnamalarynyň biridir.

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan dörän her bir eseri ýaşlar üçin ýolgörkeziji şamçyragdyr, durmuş mekdebidir. Bu ajaýyp eserler halal zähmetimiz bilen Watan öňündäki mukaddes borjumyzy ödemäge çagyryşdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri – Gahryman Arkadagymyz “Ömrümiň manysy” atly ajaýyp kitabyndaky: “Ýaşlar – biziň geljegimiz. Olar halkyň, ýurduň ykbaly bilen bagly meseleleriň üstünde kelle döwjek we akylly-başly netije çykarmagy başarjak adamlar. Nesillerimizi ýetişdirmek bilen, biz öz geljegimizi gurýarys” diýen sözleri ýaşlary ýurdumyzyň altyn öwüşgünli ak sähralaryndan ylham, ter öleňli daglaryndan güýç-kuwwat, bossan içre baglaryndan joş alyp, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.

 

Çary KAKABAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Boldumsaz etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY