ÝAŞLAR – ÝURDUŇ GELJEGI

Hormatly Prezidentimiziň halka daýanyp, halkyň hatyrasyna durmuşa geçirýän tutumly işleri netijesinde, ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmegi, sagdyn bedenli, giň gözýetimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki taryhy zamanamyzda ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, türkmen halkyna mahsus bolan ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, ýaşlaryň watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, raýat jogapkärçiligini terbiýelemäge, öz halkynyň taryhyny, medeniýetini we däp-dessurlaryny hem-de mizemez maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen anyk çäreler görülýär we bu işler döwlet tarapyndan goldanylýar. Nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna şeýle uly tagallalary durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak we milli ruhda terbiýeläp ýetişdirmek baradaky alyp barýan işleri biri-biri bilen sazlaşyp, her ädimde aýdyňlygy bilen duýulýar. Biz muňa “Ýaşlar barada döwlet syýasaty” hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň hem-de “Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” kabul edilmeginde hem aňryýany bilen göz ýetirýäris.

Ýaşlar geljegi gurujylar, jemgyýetiň kuwwatly güýji hökmünde uly mümkinçilige eýe bolup, olary watançylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, ýaş maşgalalary goldamak wezipeleri döwlet syýasatynyň merkezinde durýar. Häzirki döwürde ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlaryny, maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen baglydyr. Döwlet tarapyndan ýaşlaryň kämil bilim almagy üçin şertleri döretmek işleri maksatnamalaýyn alnyp barylýar. Ýaşlara döredilýän mümkinçilikleriň öz miwesini berýändigini biri-birinden zyýada ýaş zehinleriň ýeňişleri subut edýär. Gazanylýan ýeňişler esasynda günleriň günlerden, ýyllaryň ýyllardan zyýada bolmagy türkmen halky üçin adaty durmuş ýagdaýyna öwrüldi.

Türkmen ýaşlary üçin uly tagallalary edýän, bize her bir işde görelde bolýan, Watany söýmegiň, ony mukaddeslik derejesinde sarpalamagyň belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

 

Serdar GARLYÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Boldumsaz etrap Geňeşiniň başlygy.

Indiki makala

AK ÝOL (Hekaýa)

Meňzeş habarlar