Öňündäki kagyzlaramy, birgiden hasap-hesipleremi gümra bolup oturan daýhan birleşigiň başlygy Tagan aga gapydan giren Guwanja üns hem bermedi. Haçanda Guwanç:
-Essalawmaleýkim, Tagan aga mümkinmi?-diýip seslenende başyny galdyrdy. Ol birbada «Sen haçan geldiň?» diýýän şekilde seretse-de, hiç zat diýmedi. Guwanç ýene-de:
-Tagan aga, eger-de işliräk bolsaňyz men soňrak geläýeýin-diýdi. Bu gezek Tagan aga:
-Guwanç jan, bu senmi, gel, geç, şu oturgyçlaryň birinde ornaş-diýdi. Guwanç baryp, Tagan aga bilen elleşip görüşdi, soňra oturgyçda oturdy. Tagan aga öňündäki hat-petekleri tertipleşdirdi-de, Guwanja ýüzlendi:
-Hawa, Guwanç, inim, sen nire, bu ýerler nire, habaryňy aýdyp otur-diýdi. Guwanç:
-Men-ä, Tagan aga, kabul etseňiz, okuwymy tamamlap, ymykly gelendirin. Indi alan bilimimi öz obama, ulalyp, kemala gelen topragyma hyzmat etmeklige bagyşlamakçy. Siz näme diýýäňiz?
Guwanjyň bu gürrüňini eşiden Tagan aganyň ýüzi ýagtylyp gitdi.
-Ä-hä, şeý diýsene, senden eden tamam çykdy. Ho-ol ýyl entek oglanjykkaňam «Tagan aga, şu ýyl men hem gawun ekdim, özem hiç hili azot-beýleki bermedim, köne tamyň keseklerini owradyp dökün etdim. Gel, ikimiz, şu ýyl kimiň gawuny gyşa çydamly, şony synap göreli» diýip, jedelleşeniň henizem ýadymda. Onsoňam ýokary bilimli agronom bolup gelen bolsaň, alan bilimiňi öz obaňa bagyş etmekçi bolsaň, biz seni iki elläp goldarys. Ertirden işe çykarsyň, saňa daýhan birleşigiň ýerlerini görkezmek, öwretmek gerek dälmikä diýýän.
-Goldanyňyza sag boluň, ýöne «ertir» diýip durman, şu günden işe girişibereýin. Düýn gowaçaly meýdana aýlanyp gördüm, käbir ýerleri keýpi kök ynsan ýaly, ýaşyl öwsüp oturanam bolsa, käbir ýerleri solgun görünýär. Ana, şol ýerler bilen gyzyklanyp görjek, bejergisi kemmikä ýa-da suw, dökün ýeterlik dälmikä? Resminamalarymy ertir getirerin.
-Haý, berekella, eýýäm aýlanyp ýetişdiňmi, onda inim, gaýrat ediber. Senden tamam gaty uludyr. Sebäp diýseň, biz hem indi gojalyp barýas, ýerimize ýeriň abyny-tabyny bilýän, bilimli hünärmen zerur gerek. Soňlugy bilen egnimizdäki ýüki size-ýaşlara geçirmeli. Şonuň üçin tamamyzy ödejek bol, inim-diýip, Guwanjyň elini gysdy.
-Bolýar, onda, hoş, sag boluň-diýip, hoşlaşyp çykyp gitdi. Tagan aga onuň yzyndan söýünç bilen seredip galdy.
Tagan aganyň «biz hem indi gojalyp barýas, ýerimize ýeriň abyny-tabyny bilýän, bilimli hünärmen zerur gerek. Soňlugy bilen egnimizdäki ýüki size-ýaşlara geçirmeli» diýmesiniň sebäbi bardy. Elli bäş ýaşaýança, hiç-hili syrkaw-sökelçilige duçar bolmadyk Tagan aga indi iki-üç aý bäri bir ýarawsyzlyk tapynyp ýördi. Özüni birhili ysgynsyz duýýardy. Onda-da bildirmejek bolup, mertlige salyp ýördi.
Guwanjyň daýhan birleşige agronom bolup gelmegi Tagan aganyň ýarpy ýüküni ýeňledipdi. Ýaş ýigitligiň joşgunymy ýa-da ýaşlykdan ýer bilen halys bagry badaşanmy, Guwanjyň hiç ýadadymy, ýaltandymy ýokdy. Suwçularyň arasynda-da gezip ýörendir, sürümde-hä traktoruň üstünde ýatyp-turup ýören ýaly. Tehnikadan baş çykaryşy hem hiç kimden peslär ýaly däl. Bir-iki gezeg-ä, ýygnaga barýarka ýolda bozulyp galan traktory görüp «bejerjek» diýip, täzeje eşiklerini hem gara ýaga bulaşdyryp, yzyna-da gaýdypdy. Ol işleriň gapdalyndan öýündäki bagyny, ykjamja edip oňaran kiçiräk ýyladyşhanasyny görmäge göz gerek. Okuwam okuw welin, dogrusy, Guwanç ýaşlykdan hakyky daýhanyň, kakasy Sähetguly aganyň terbiýesini alyp ulalypdy. Sähetguly aganyň «oglum, ýere yhlasyňy gaýgyrmasaň, ýer bereketini şeýle bolluk bilen eçilýär welin, hiç wagt hiç zada hor-zar bolmarsyň. Ýöne, ýeri aldamaly däldir. Ähli zady öz wagtynda bolmalysy ýaly edibilseň, hasylyňy ýygnap tükedibilmersiň» diýen sözleri Guwanjyň ýüreginde berk orun tutupdy.
«Yhlasa-myrat» diýleni, Guwanjyň daýhan birleşige gelip, işe başlanyna hem ýedi ýyl dagy dolupdy. Daýhan birleşigiň başlygy Tagan aga-da, beýlekiler hem, ondan gaty minnetdardylar.
Bir gün Tagan aga gijöýlänler Guwanjyň kakasy Sähetguly aganyň ýanyna bardy. Mellekde gydyrdanyp ýören Sähetguly aga ony güler ýüz bilen garşy aldy. Çaý başynda ondan-mundan gürrüňleşip, öten-geçeni ýatlaşyp birmeýdan oturdylar. Tagan aga:
-Sähetguly, men-ä seniň ýanyňa bir meseläni maslahatlaşaýyn diýip geldim-diýdi.
Tagan başlyk, aýdyp otur, bildigimizden maslahatymyzy gaýgyrmarys.
-Aýtsam, Sähetguly, men indi başlykçylygy eýgermejek bolýan. Ýaşam altmyşdan mazaly agdy. Ýerime bir oňaýly adam gerek. Şol oňaýly adam hem Guwanç jan bolaýjak ýaly. Tüweleme, gelen gününden, işimiň ýarpysyny ýeňledäýdi. Gaty kän ýerde synap gördüm. Dogmuň öýi, armany-ýadamany bilenok. Iň bir möhüm ýeri hem, eli arassa. Halkyň emlägine çigit ýaly hem ikiligi ýok. Makul bilseň, men etrap ýolbaşçylara hem geňeşjek.
Bu gürrüňi eşiden Sähetguly aga hem-ä begendi, hemem birhili alada astynda galdy. Birmeýdan dymandan soň.
-Beh, asyl beýle diýsene. Ynam bildireniňe sag bol, ýöne men-ä entek Guwanjy bu işe oglanrak, ýaşrak görýän. Birden ýaşlyk edip, ýalňyşyp bizi ýüzigara edäýmese-de biri. Gowusy, entek öňi meýdan, başy ýaş. Bu işi soňrak ediberse nähili bolarka?
Tagan aga:
-Ýaşlygyna-ha ýaşrak ýöne, men-ä, onuň bu işiň hötdesinden geljegine ynanýan. Sen ýaýdanmada maňa «hä» diýäý şu gezek. Onsoňam bir gapdalynda ikimiz hem maslahatçy bolup dursak onuň gidere ýeri bolmaz.
-Aý, onda-da, entek irräk görýändä. Meň üçin ol çaga ýaly.
Tagan aga ýylgyrdy:
-Bolmalysy hem şeýle ahyry. Ogul näçe ýaşasada atasy üçin çaga. Eger sen şeýle ikirjiňlenýän bolsaň, gel, biz Guwanç jany bir synap göreli. Şol synag hem onuň hakyky atasynyň ogludygyny mazaly subut eder.
-Ol nähili synag?
-Bu ýanyny maňa ynan, ýakyn günlerde özüň bilersiň nämäniň nämedigini. Onsoňam Guwanç janyň abraýy üçin men hem az alada edemok.
Sähetguly aga:
-Tagan, men seni gowy tanaýan. Näme edeniňde gowy boljagyny özüň gowy bilýäň. Seniň bir işiň ugruna çyksaň, bitirmän goýmajagyňy hem bilýän, şonuň üçin men seniň sözüňi ýykyp biljek däl. Galanynam, Allajan abraý bersin-diýdi.
Möhümi biten Tagan aga:
-Ine, munyň makul gürrüň-diýdi. Soňra ol kän oturman hoşlaşyp gaýtdy.
Bu gürrüňden iki hepde dagy geçipdi. Gün batyberen çagy Tagan aga Guwanjy ýanyna çagyrdy. Bu günki bitiren işleri bilen tanyşdy. Soňra:
-Berekella, seniň baran ýeriňde işiň bitmän galmajagyny bilýän. Gaýrat ediber-diýdi. Birmeýdan dymanyndan soň ýuwaşjadan:
-Guwanç, inim, men seni näme üçin çagyranymy biýäňmi?-diýip sorady.
Göwnüne hiç zat getirmeýän Guwanç:
-Ýok-diýdi.
-Bilmeseň, meni pugta diňle. Geçen ýyldan galan, bu ýylkydan artan dökünleri bir tanşyma satdym. Seni öz inim ýaly göremsoň, saňa ynananymdan soň saňa aýdýan. Ýaňyrak ýükläp gitdiler. Ine, bu hem seniň paýyň. Sen hem menden köp ylgasaň ylgaýaň, az ylgaňok. Al, aýlygyň daşyndan goşant bolsun. Arkalaşybermeli muň ýaly-da.
Bu gürrüňi eşiden Guwanç birbada gulagyna ynanmady. Ol haýran galyjylyk bilen Tagan aganyň ýüzüne seretdi. Ýaşuly hiç zat bolmadyk ýaly oňa seredip ýylgyryp:
-Al, al, çekinme azabynam az edeňok, rehnedinem gör-diýdi. Guwanç puly aldy-da, sesini çykarman jübüsine saldy. Soňam:
-Tagan aga, rugsat berseň men gaýdaýyn, şu gün ýadalaýdy, biraz dynjymy aljak-diýdi. Tagan aga:
-Bolýa, gaýdyber, kakaňa salam aýt-diýdi.
Içki dünýäsinde harasat turup ugran Guwanç nädip Tagan aganyň ýanyndan gaýdanyny, nädip öýe gelenini bilmedi. Onuň ýüregini nähilidir bir düşnüksiz duýgular gaplap alypdy. Çaý-nahar bilenem hiç seri bolmady. Öz otagynda şol pikire gark bolup oturuşyna, kakasynyň ýanyna girenini duýmady. Kakasy:
-Oglum, bu gün saňa näme boldy, ýüzüň birhili aladaly görünýärle, çaý-nahar bilenem ugruň ýok. Ýa ýaramajak bolýaňmy-diýip sorady. Guwanç birbada syr bildirmejek boldy:
-Aý, ýok, kaka, hemme zat gowy, ýöne birneme ýadawrak, şondandyr.
Oglunyň häsiýetine belet Sähetguly aga:
-Ýok, oglum, bu ýadawçylygyň işine-hä meňzänok. Sen zähmetden basylýan oglan bolmaly däl.
«Tagan agany bir adam gowy tanasa, kakam tanamaly. Onsoňam öňe halkyň hakyny getirenimi kakam başga birinden eşitse, meni hiç bagyşlamaz. Dogrusy gönüläýin, hemem maslahat soraýyn» diýen pikiri kellesinde aýlan Guwanç zat gizlemän baryny kakasyna gürrüň berdi. Ogluny mazaly diňlän Sähetguly aganyň göz öňünde «Eger sen şeýle ikirjiňlenýän bolsaň, gel biz Guwanç jany bir synap göreli. Şol synag hem onuň hakyky atasynyň ogludygyny mazaly subut eder» diýip duran keşbi janlandy. Köpi gören goja ogluna syr bildirmän bir «ähä» diýdi. Soňam:
-Indi sen nätsem diýýäň?
-Nätsemi şol kaka. Ertir daň agarandan, barjakda puluny öňüne goýjak. Ýanynada işden boşamak baradaky arzamy goşjak. Öz mellegimde güýmensemem rysgalymy tapjagyma gözüm ýetýär. Emma kişiniň hakyna el urjak däl. Ýa meniňki nädogrumy kaka?
Oglundan göwni biten Sähetguly aga:
-Berekella, oglum, iýen duzuň halaldygyny hakladyň. Göwnüňe düwdüňmi, indi ýaýdanma. Bu öýe azabyň siňmedik zat getiren günüň, seniň üçin gapysy berk ýapylýandyr-diýdi. Şundan soň ýüregi birneme ýerine gelen Guwanç ynjalan ýaly boldy.
Ertesi ir bilen Tagan aganyň ýanyna baranda, Guwanç birbada ony tanamajak boldy. Düýnki şähdaçyk, ýylgyryp ugradan Tagan aganyň ýüzünde gar ýagýardy. Sakgaly ösüp, birhili öňküsinden hem garran ýaly görünýärdi. Zordan salamlaşdy. Çünki Guwanjyň puly alyp sesini çykarman gidenini nämä ýorjagyny bilmän galan Tagan başlygyň hem daňa çenli içki dünýäsinde turan gaý-tupan Guwanjyňkydan güýçli bolmasa pes däldi. Ol «Men ýalňyşaýdymmykam» diýip, öz kalbynyň emri bilen göreş alyp barýardy. Çalaja:
-Hawa, näme-diýdi. Göwnüni bire baglap, bir karara gelen Guwanç:
-Tagan aga, men sizi sylaýan, hormat goýýan, emma men düýnki işde size şärikdeş bolup biljek däl. Ine, bu puluňyz, bu bolsa işden boşamak hakdaky arzam. Meni bagyşlaň, ýöne men ýüregime garşy gidip biljek däl-diýdi-de, puly hem-de arzasyny Tagan aganyň öňüne goýdy.
Guwanjyň bu gürrüňini eşiden Tagan aga ýigit çalasynlygy bilen ýerinden galdy. Buýsançly bakyş bilen özüne seredip duran Guwanjy gujaklady.
-Berekella, inim, men seni synap gördüm. Synagdan är kimin geçmegi başardyň. Dökünleriň bir gysymam ellenenok. Bu wakadan kakaň hem habarly. Men ilki oňa geňeşdim, synap görmegi bile ýüregimize düwdük. Men başlykçylygy saňa tabşyrmakçy. Sen indi ýaýdanma, ata-babalarymyzyň halallykdan gözbaş alyp gaýdýan ak ýoluny dowam et. Ýoluň ak bolsun, işiňde abraý gazan!
Kemal SABYROW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.