Iskoçýada bir garyp daýhan ýaşaýardy. Bu daýhanyň ady Flemingdi. Günleriň bir güni, ol ekin meýdanynda işleýärkä, bir ses eşitdi. Bu ses onda gyzyklanma döretdi we ol tizlik bilen ses gelýän tarapa ylgady. Seretse, bir oglan batgalyga batyp barýardy, halas bolmak üçinem çyrpynýardy. Daýhan dessine oglanjygy batgalykdan çykardy we ony halas etdi.
Ertesi gün Flemingiň öýüne uly maşynda gymmat bahaly egin-eşikler bilen bir aristokrat geldi. Özüni daýhanyň halas eden oglanjygynyň kakasy diýip tanyşdyrdy. “Oglumy halas etdiňiz, men siziň ýagşylygyňyzyň öwezini dolmak isleýän” diýende, garyp, emma jomart Fleming “Kabul edip bilmerin” diýip, teklibe garşylyk bildirdi.
Edil şol wagt gapydan daýhanyň kiçi ogly göründi. Aristokrat gyzyklanyp:
-Bu seniň ogluňmy?- diýip sorady.
Daýhan buýsanç bilen:
-Hawa-diýip jogap berdi. Aristokrat bolsa, sözüni dowam edip:
-Oňat teklibim bar, ogluňy maňa ber. Gowy ylym-bilimli edeýin. Eger häsiýeti kakasynyňka meňzeýän bolsa, geljekde buýsanç bilen agzajak bir adamyň bolar-diýdi.
Şol günki duşuşykdan soň, Flemingiň ogly aristokratyň kömegi bilen ylym-bilim alyp başlady. Aradan ýyllar geçdi. Daýhan Flemingiň ogly Londondaky dünýä belli St.Mari’s Hospital lukmançylyk fakultetini tamamlady we özüni penselini oýlap tapan adam hökmünde Aleksandr Fleming diýip dünýä tanatdy. Şol günleriň birinde, aristokratyň ogly erbet kesele duçar bolupdy. Ony näme halas edendir öýdýäňiz, elbetde, penselin!
Sözsoňy
Baýlyk gerek däl ýaly işläň.
Kösenmedik, gynanmadyk ýaly begeniň.
Hiç bir ýagşylygy öwezine zat garaşman ediň.
Eden ýagşylygyň nähili bolsa-da, gaýdyp geler.
Taýýarlan Annagözel GURBANOWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy
Etrabynyň 44-nji orta mekdebiniň mugallymy,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.