Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ylymly-bilimli, il-halar hünärli, ýaş nesliň saglygy, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky dyngysyz aladalary gündelik durmuşymyzda öz beýanyny tapýar. Ýaşlary dogry ýola gönükdirip, olaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmeklik bolsa jemgyýetçilik guramalarynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Eziz eneler, hormatly gelin-gyzlar! Siz durmuşymyzyñ güllerisiňiz, toýlarymyzyň bezegisiňiz, ojaklarymyzyň alawy, öýlerimiziň çyragysyňyz. Ata-babalarymyz türkmen zenanynyň mertebesini hemişe belent derejä göteripdirler” diýen parasatly sözlerinden, ýaşlar barada edýän bimöçber aladalaryndan ugur alyp, gelin-gyzlaryň arasynda millilik, edep-ekram, maşgala, nesil terbiýesi boýunça Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mejlisler zalynda TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi, welaýat zenanlar birleşmesi, jemgyýetçilik guramalary, Balkan welaýat Polisiýa müdirligi, Balkan welaýat Prokuraturasy bilen bilelikde talyp gyz-gelinleriň gatnaşmagynda geçirilen wagyz-nesihat çäresi hem täsirli boldy. Türkmenistanda Ýaşlar baradaky Döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy we bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy esasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň sanly ulgam bilen baglanyşykly düşünjesini ýokarlandyrmak, internet ulgamyny ýerlikli peýdalanmaklaryny hem-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, zähmete söýgüni terbiýelemek, edep-ekramly, ahlak-taýdan arassa, milli däp-dessurlarymyza, ene-mamalarymyzdan gelýän el işlerine söýgi döretmek, olary geljekki nesillere ýetirmek boýunça çykyş etdiler.
Çykyşlaryň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri-bagtyýar ýaşlaryň durmuş uniwersiteti Gahryman Arkadagymyza, Watanymyzyň penasy, dillerimiziň senasy Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Sähragül IŞANOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
umumy bölüminiň esasy hünärmeni.