ALTYN AŞYGYM, ALÇY GOP

Türkmen halkynyň milliligini alamatlandyrýan köp sanly gymmatlyklary bar. Şolaryň biri hem nesil terbiýesi bilen baglanyşykly aşyk oýnudyr. Nesilleriň sagdyn bedenli, çeýe, aňyýet taýdan ösen bolmagynda milli oýunlar ähmiýetli orun eýeläp geldi. Munyň şeýledigine “Aýterek-Günterek”, “Gizlenpeçek”, “Ýüpden towusmak”, “Göz daňdy”, “Ýaglyk goýdy”, “Çilik”, “Düzzüm”, “Bäşdaş”, “Aşyk” ýaly milli oýunlar bolsa birek-birek bilen  ylalaşykly bolmak ukybyny ösdürýär. Geljekde adamlar bilen gatnaşyk etmegiň gowy ýörelgelerini öwretmekde şeýle oýunlaryň terbiýeçilik ähmiýetini aýratyn bellemeli.

Ýurduň ähli künjeginde oglanjyklar tarapyndan ýörgünli oýnalýan oýunlaryň iň kämilleriniň biri-de “Aşyk” oýnudyr. Bu milli oýun çagalar tarapyndan örän gyzgalaňly, gyzygyp oýnalýan oýun bolup durýar. Aşyklaryň dört tarapy bolup, olaryň hersiniň hem alçy, towha, tükge, jikge diýen ady bar. Maşgaladaky çaganyň aýagy ýöräp, ese-boýa galyp, aga-gara düşünip başlanyndan soň aşyklaryň her tarapynyň ady hem-de, aşyklary sülmegiň we aşyk oýunlaryny oýnamagyň düzgünleri öwredilipdir.

Aşyk oýnamak üçin her oýunçy bir aşygyny bellenilen düz ýere setir edip goýýarlar. Soňra kimiň  oýna başlamalydygy we dowam etmelidigi bije atmak arkaly çözülýär. Aşyklar belli bir aralykda, adatça, iki-üç metr daşlykda goýulýar. Ýaşy ulurak oglanlar aşyklary ondan hem daşrakda goýup oýanaýarlar. Oýunçylaryň aşygy zyňýan ýeri çyzyk bilen bellenilýär. Oýnuň şertine görä, belligi bassaň ýa-da oýun wagty aýagyň bellikden geçse, ol oýunçynyň utugy hasap edilmeýär. Urulyp setirden çykarylan aşyk bolsa, onuň utugy hasaplanylýar.

Gazagystanda  2011-nji ýylda döredilen Aşyk Atma Federasiýasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, Ylym we Medeniýet guramasy (ÝUNESKO) tarapyndan 2020-nji ýylda adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizen aşyk oýny hasam ýaýbaňlaşdyrmak üçin tagalla edýär.

Milli aşyk oýny çagalaryň sagdyn ösmeginde, çalasyn hereket etmeginde, göni atyp bilmek ukybynyň kämilleşmeginde, birek-birek bilen dostlukly gatnaşyk saklamagynda uly hyzmaty ýerine ýetirýär. Bu oýun terbiýeçilik ähmiýetli oýunlaryň gadymylarynyň biridir. Çaga dünýäsi bilen baglanyşykly mirasymyzyň dürdänelerini, nusgalyk görnüşlerini öwrenmäge, olaryň medeni-terbiýeçilik ähmiýetini halk köpçüligine giňden ýaýmaga ähli mümkinçilikleri döredip beren Milli Liderimiziň hemde hormatly Prezidentimiziň janlary sag, başlary dik, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun. Asuda, abadan Diýarymyzda bagtyýar çagalaryň gülkisi elmydama ýaňlanyp dursun.

 

Nury NURYÝEW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Gyzylarbat etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR