«GENDER DEŇLIGI-ÖSÜŞIŇ GYMMATLY AÇARY»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz günsaýyn ösýär, özgerýär, ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly gadam basýar. Ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkara giňişliginde ýurdumyzyň abraýyny has-da belende galdyrmak Milli Liderimiziň başyny başlan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan hem gender deňligini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti diýseň uludyr. Bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda  her bir raýatyň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň deň derejede berjaý edilmeginiň özeni bolup durýar.

Eziz diýarymyzda aýallaryň we erkekleriň hukuklarynyň deňligini üpjün etmek boýunça yzygiderli möhüm işler alnyp barylýar. Türkmenistan Gender deňligi meseleleri we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň edarasynyň (BMG-Zenanlar) Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2022-2024-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanmagy hem ýurdumyzda Gender deňligi boýunça alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işlerde aýallaryň hem uly goşandy bardyr. Türkmenistan döwletimiz aýallara, enelere bagtyýar durmuşyň, olaryň hukuklarynyň ygtybarly goraglylygynyň üpjün edilmegini özüniň esasy maksatlarynyň hatarynda kesgitleýär. Türkmenistanda gender çemeleşmesiniň strategiýalara we milli maksatnamalara girizilmegi bilen aýallaryň mümkinçilikleriniň ösüşi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň Milli maksatnamalary Birleşen Milletler Guramasynyň müňýyllygyň Jarnamasy bilen berk baglanşyklydyr, onda bolsa gender deňligi aýallaryň we çagalaryň saglygynyň goragy boýunça wezipeler, bilim, jynslaryň arasyndaky deňligiň ýaýbaňlandyrylmagy, aýallaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi bilen bagly bolan esasy maksatlaryň biri hökmünde kesgitlenendir. Aýallaryň hakyky azatlygy, olaryň ýurdumyzda bolup geçýän progressiw ösüşlere dahyllygy, bolup geçýän özgertmelerde hem-de jemgyýetiň işlerini dolandyrmakda işjeň orny olaryň raýat garaýyşlarynyň ýokary derejesini göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda jemgyýetiň doly hukukly, sazlaşykly ösen we durmuş taýdan işjeň agzalary bolan ýurdumyzyň zenanlar halk hojalygynyň ähli pudaklaryna, ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik durmuşyna giňden gatnaşýarlar. Gender deňligi nukdaýnazaryndan, Türkmenistanyň kanunçylygynyň halkara kadalaryna laýyklaşdyrylmagy we ýagdaýlaryň gender seljerilmegi, ösüşde gender tapawutlarynyň we zenanlaryň ýagdaýlarynyň esasy görkezijilerine berlen synyň netijeleri ýurtda dürli ulgamlarda ösüşiň gazanylandygyna we gender syýasatyny ösdürmek işiniň dowam edýändigine şaýatlyk edýär.

Ata Watanymyzda zenan sarpasyny belentde tutup, ýurdumyzda adam hukuklarynyň doly derejede berjaý edilmegini ähli zatdan ileri tutýan Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydamam rowaçlyklara beslensin!

 

Şirinnabat SARJAGULOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR