HALKYMYZYŇ KÖPASYRLYK BAÝLYGY

Ajaýyp, gözelligi boýunça kämil behişdi bedewlerimiz hem-de edermen alabaýlarymyz ähli döwürlerde türkmen halkynyň wepaly dostlary we hemralary, buýsanjy we baýlygy hasaplanyp geldi. Bu gün gadamy batly ahalteke bedewi hem-de gaýduwsyz alabaýlary düýpli özgertmeler we ösüş ýolunda uly üstünlikleri gazanýan Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrüldiler. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan atşynaslyk we itşynaslyk sungaty mynasyp dowam etdirilip, täze ösüşlere eýe boldy. Türkmen alabaýy häsiýetli aýratynlyklary bilen birnäçe müňýyllyklara barabar döwrüň synagyndan geçmegi başardy. Ine, bu gün hem durmuş ýolunda türkmeniň hemrasy bolan alabaýlar täze döwre gadam basýar, tohum itleri ösdürmegiň gadymy däpleri bolsa ylmyň we seçgiçiligiň öňdebaryjy gazananlaryny, tehnologik işleri ulanmak bilen, häzirki zaman görnüşinde mynasyp dowam etdirilýär. Gorky-ürkini bilmeýän namysjaň goragçy – türkmen alabaý itleriň iň gadymy tohumlaryndan biri hasaplanylýar. Onuň ýaşy takmynan 3 müňden 6 müň ýyla çenlidir. Daşky görnüşiniň gadymy ata-babalarymyzyň döwründäkisinden üýtgemän, asyl görnüşinde şu güne çenli saklanyp galmagy türkmen alabaýynyň tohumynyň özboluşlylygynyň şertidir.

“At - myrat”, “It geldi, gut geldi”, “Itim - gutum” diýen myrat we bagt bilen baglanyşykly pähimler türkmenleriň bedewlerinde myradyny, alabaý itlerinde bolsa bagtyny görendigini subut edýär. Çünki wepaly dosty we ynamdar iti syrdaşy hasaplap gelen bu ajaýyplygynyň gadymylygy, batyrlygy, duýgurlygy, edermenligi, akyllylygy bilen bir hatarda olaryň örän wepalydygyny, ynamdardygyny subut edýän köp taryhy maglumatlar kitapda öz beýanyny tapýar we häzirki döwür has-da ýaşlarda türkmen alabaýlaryna  bolan söýgüni artdyrýar.Alabaýlar ýeňşe bolan erki, beden we ruhy güýji, mähirliligi bilen tapawutlanýarlar. Türkmen bedewi arzuwy,alabaýlary bolsa bagty hasaplanylýar.

Soňky ýyllarda dünýäniň dürli künjeklerinde türkmen alabaýlarynyň muşdaklarynyň sany barha artýar. Bu ägirt uly gyzyklanmany nazara almak bilen, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy we onuň neşir edýän ýöriteleşdirilen žurnaly itleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça hünärmenleri  birleşdirmäge, alymlary hem-de muşdaklary meşhur alabaýyň taryhy watanynda jemlenmegine ýardam eder.

 

Şöhrat MÄMMETHANOW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR