“BAG DURMUŞYŇ BEZEGIDIR”

Eziz Watanymyzyň tebigy baýlygyny we gözelligini aýawly saklamak, ony geljekki nesillerimize ýetirmek Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri. Tebigaty goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine esaslanýar, bu bolsa adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti bolup durýar.

Tebigata söýgi bilen seredip, ony has-da gülzarlyga öwürmek işine halkymyz örän jogapkärçilikli çemeleşýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň baharynda milletiň asyrlaryň jümmüşinden kök alyp gaýdýan bag ekmek ýörelgesiniň rowaç gadamlary zamanamyzyň belent ruhy bilen utgaşyp, göwünlere galkynyş paýlaýar. Bu çäre ekologiýa abadançylygynyň barha pugtalandyrylýandygynyň mizemez subutnamasydyr.Geçen ýyllarda ýurdumyzda tebigaty goramak bilen baglanyşykly köp çäreler durmuşa geçirildi, möhüm kanunlar, kararlar kabul edildi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, «Ekologiýa howpsuzlygy halkynda», «Ösümlikleri goramak halkynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, şeýle hem «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy», «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral Milli maksatnamasy» we beýlekiler uly orun eýeleýär. Şeýlelikde, şu resminamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň çar künjeginde berjaý edilýän işler düýpli netijelere eýe bolýar. Elbetde, bu barada aýdylanda, uzak Garagumda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagyny, çölüň jümmüşinde «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň we Daşoguz welaýatynyň Bötendag sebitinde uly tokaý zolagynyň döredilmegini, şäherdir obalarymyzyň çäklerinde, töwereklerinde bag-bakjaly meýdanlaryň has köpeldilmegini we beýleki çäreleri anyk delil hökmünde görkezmek bolar.

Eziz Diýarymyzda halkymyzyň ekologiýa taýdan arassa şertlerde ýaşamagyny üpjün etmek maksady bilen, ekologiýany we daşky gurşawy goramak ugrunda alnyp barylýan derwaýys işler raýatlaryň saglygyny gorap saklamak olaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak ýaly asylly ýörelgelerden gözbaş alýar. Ynsan saglygyny goramakda we daşky gurşawa aýawly çemeleşmekde uly ähmiýete eýe bolan miweli, saýaly baglary ösdürip ýetişdirmek ýurdumyzy bagy- bossanlyga öwürmek ugrunda netijeli işler giň gerim bilen alnyp barylýar. Güneşli Diýarymyzda ýaz we güýz aýlarynda ählihalk bag ekmek dabaralary giňden geçirilýär.

Halkymyzyň «Bag durmuşyň bezegidir» diýen paýhasly jümlesi biziň günlerimizde nurana arzuwlaryň amala aşýandygyny görkezýän hakykata öwrüldi. Daşky gurşawy gorap saklamak gözel tebigatymyzy gözüň göreji ýaly aýamak biz — ýaş nesiller üçin mukaddes parzdyr.

 

Ananýaz SAPAÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Balkanabat şäher Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiñ

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR