“BALYKÇY MÜŇ TÜMENLIK DÜÝŞ GÖRSE, BALYGYNA ÝORAR”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diýarymyz “Arkadag Serdarly bagtyýar Ýaşlar ýylyna” gadamyny basdy. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda rowaçlyklara beslenýän keramatly türkmen topragy ak bugdaýyň mekany, dünýä belli meşhur ahalteke atynyň mesgeni, saryja goýunlaryň gezýän sähralary, deňizleri älem baýlygynyň jemlenen ülkesi. Bu türkmen mele topragy – gün şöhlesine eýelenen, türkmen zenanynyň bişirýän mele-myssyk nanyndan reňk alan hazynasydyr.Bu mukaddes topragymyz, ümmülmez türkmen sährasynyň waspy bolsa ýüreklere sygman, dilleriň senasyna öwrülýär. Ülkämiziň her bir künjeginiň öz boluşly tebigy aýratynlyklary bar. Ynha şeýle gözellik bolsa Balkan welaýatymyzyň gojaman Hazar deňziniň gözelliginde oňuň balyklary bilen jemlenedir. Gojaman Hazaryň kenaryna baranyňda onuň gözelligine maýyl bolup, ondaky baýlyklary göz öňüne getirmezlik asla mümkin däl. Sebäbi Hazar deňzi durşy bilen hazyna, tutuş durky bilen gözellik genjidir. Bu gök deňiz özüniň äpetligi hem güwwüldisi bilen kenara çyrpynýar. Hazar deňziniň howasynyň jana ýakymly bolanlygy üçin, dogup gelýän günüň şöhlesine tolkunlar birenaýy bolup öwşün atýarlar.

Türkmen halkynyň taryhy müňýyllyklardan öz gözbaşyny alyp gaýdypdyr. Ata-babalarymyz uzak ýylyň dowamynda özleriniň meşgullanýan kesp-kärleri bilen baglanşykly däp-dessurlary, ýörelgeleri, gürrüňleri döredipdirler. Olaryň arasynda Hazaryň gündogar kenarynda ýaşaýan ilatlaryň arasynda iňňän gadymy döwürlerde dörän balykçylyk hakynda aýgytlar hem bolupdyr. Balykçylyk bilen baglanşykly birnäçe däpdir-dessurlar we yrymlary öňki döwürden häzirki biziň günlerimize-de gelip ýetipdir. Balykçylar balyk tutmana ugramazlarynyň öň ýanynda olaryň baştutanlary eline sançgysyny alyp “Awumyz şowly bolsun!” diýip, ony üç gezek ýere urupdyr. Şonda “Ýeriň süýji suwdaky balyklaryny tutmak üçin balykça ýardam berýärmişin” diýip ynanypdyrlar. Bu däp-dessurlar häzirki wagtda hem balykçylar tarapyndan dowam etdirilýär.

Balykçylar awa gidenlerinde, olara şowlulyk arzuw edipdirler. Yzynda galanlar bolsa: “ Awuňyz kän bolsun, ýoluňyz ak ýoldaşyňyz Hak bolsun, sag gidip, aman geliň!” diýip ýagşy niýet, dileg edipdirler. Balyga giden balykçylar dolanyp gelenlerinde bolsa, olaryň öňlerinden çykypdyrlar we “Aw ganlymy?” diýip sorapdyrlar. Balykçylar bolsa eger awlary bol bolsa, “Ýaşy uzyn!” diýipdirler. Bu bolsa “Suwdaky galan balyklar has-da köpelsin” diýen manyny aňladypdyr. Egerde balykçylaryň awy şowsuz bolsa, balyklary az ýa-da turulmadyk bolsa “Aw janly” diýip jogap beripdirler.

Howa balyk tutmakda ýene-de “Alaja kesmek” diýilen dessurlary hem gadymy döwürlerden gaýdyp şu günlerimize gelip ýetipdir. Ynha bu dessur bolsa balykçylaryň awy yzygiderli oňuna bolmadyk ýagdaýda, torlaryna balyk düşmedik ýagdaýynda ýerine ýetiripdirler. “Alaja kesmek” däbinde ilki bilen ak-gara sapaklardan alajany işipdirler. Soňra bolsa balykçymyz awa gitmekçi bolanynda, alajany onuň çykjak gapysynyň iki gapdalyndan birikdirip daňypdyrlar. Soňra balyga gitmekçi bolan wagty ony kesipdirler.

Ir zamanlar balyk tutmaga ýa-da aw awlamaga giden ýigitleri ene-mamalarymyz şular ýaly gazallar bilen ak pata berip, ýola salypdyrlar.

Labyr toruny guruň,

Tutany mahy bolsun!

Awa gitjek oglanlar,

Sag gidip aman gelsin.

Balyk tutmak üçin ýörite gaýyklar ýasalypdyr. Ony gaty berk agaçlardan ýasapdyrlar. Olara taýmyl, dommal, ýa-da naw diýip atlandyrypdyrlar. Taýmyly we dommaly awçylar, esasan hem ulag hökmünde ulanypdyrlar. Naw ýelkeni gaýyk bolupdyr. Olar uzak ýerlere ýük gatnatmak üçin ulanylypdyr. Taýmyly ýakyn ýanaşyk ýerlerde balyk tutmak üçin niýetläp ýasapdyrlar. Dommal birnäçe adamlyk bolup uzak aralyga ýüzüp, balyk awlamak üçin ulanypdyrlar. Hazaryň kenarýaka sebitinde ýaşaýan halkymyzyň balykçylyk bilen meşgullanmagy barada aýgytlaryň, yrym-ynançlaryň halk döredijiliginiň içinden erş argaç bolup geçýär. Balyk tutmagyň özüde bir sungat diýsek, hakykatdan daş düşmeris.

Ene-mamalarymyz awa barýan oglanlarymyzy ýola salanlarynda olaryň torlaryna balyklaryň iň ulusy ýa-da iň bereketlisi hasaplanýan mahy balygynyň, il arasynda azatmahy diýip atlandyrylýan balygyň düşmekligini arzuw edipdirler. Şoňra tora düşen azatmahy balygyny balykçylaryň maşgalasy balygy bölüp, ýedi öýe paýlapdyr. Tora düşen bereketli balyklary agzybirlikde goňşulary bilen paýlaşypdyrlar.

 

Baýramgül SAFAROWA,

TMÝG-niň Balkanabat şäher

Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR