Hormatly Prezidentimiz bedew bady bilen günsaýyn ösüp özgerýän ýurdumyzda çaga terbiýesini, olaryň gelejekde watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli bolup ýetişmeklerine hemişe üns merkezinde saklap, taýsyz tagallalary edýär. Munuň şeýledigine milli Liderimiz tarapyndan 2020-nji ýylyň 22-nji maýynda tassyklanan "Türkmenistanda çaganyň irki ösüşine we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy" hem ähli aýdyňlygy bilen güwälik edýär.
Şu maksatnama laýyklykda, körpe çagalary milli ahlak gymmatlyklarymyz esasynda terbiýelemek, ýokary ahlakly nesli kemala getirmek jemgyýetimiziň öňe sürýän esasy meseleleriniň biridir. Adamyň ruhy ýaşaýyş durmuşyna oňyn täsir etmekde milli medeni mirasymyz ägirt uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde halkymyzyň ruhy we milli gymmatlyklaryndan, edebi mirasymyzdan ugur alyp, işjeň ulanylmagy dowamly ýörelge, nusgalyk mekdep bolup durýar.
"Çagany-ýaşdan, edebi-başdan" diýip, bu asylly ýörelgäni nesilden-nesile geçirip, arkama-arka aýlan ata-babalarymyz çagalara kiçiliginden ertekidir, matallaryň, sanawaçlardyr ýaňyltmaçlaryň üsti bilen ýaşaýyş-durmuş terbiýesini öwredipdirler. Her haçanam bolsa, nesil terbiýe meselesini halk döredijilik eserleri bolmasa göz öňüne getirmek hem asla mümkin däl.Kökini gadymyýetden alyp gaýdýan, dürli döwürlerde taraşlanyp, şu günlere gelip ýeten milli mirasymyz gelejegimiz bolan körpe nesli milli ruhda terbiýelemekde biziň üçin örän gymmatly gollanma bolup durýar. Türkmen halkynyň akyl-paýhas hazynasynyň esasy bölegi bolan, onuň asyrlaryň dowamynda döreden nakyllary we atalar sözleri bilen bir hatarda matallary, sanawaçlary we ýaňyltmaçlary hem görkezmek bolar. Ähli zady paýhas eleginden geçirip, ýaşaýyş-durmuş terezisinde ölçemegi başaran ata-babalarymyz adamyň sözüne, hereketine, oturyp-turşyna seredip, onuň edep-terbiýesine baha beripdirler. Matallar, sanawaçlar we ýaňyltmaçlar halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda, uzak ýyllaryň dowamynda döräp biziň şu günki ýaşaýyş-durmuşumyza, sözleýiş dilimize mäkäm ornaşan halk eserdir. Olar ynsan üçin durmuşymyzdan üzňe bolmadyk oý-pikirler, öwüt-ündewlerimizdir.
Röwşen ertirimiziň eýeleri bolan ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermekde, olary geljekde ylymly-bilimli, ösen aň-düşünjeli ökde hünärmenler edip kemala getirmekde bimöçber işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlar aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Gülruh NAZAROWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.