Köküni taryhymyzyň jümmüşinden alyp gaýdýan senetçilik sungaty her bir tary sungata öwrülen ajaýyp parahatçylygyň nyşany türkmen dutary ýurdumyzyň öwüşgünleri bolan ýaşlarmyzy özüne çekýär.Türkmenistan döwletimizde Milli Liderimiziň paýhasly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde häzirki döwürde halk döredijiligine, senetçilige we taryhy çeşmeleri ylmy taýdan öwrenmeklige aýratyn üns berilýär.Milli mirasymyz pederlerimizden galan gymmatlyk höküminde goralyp saklanylýar,öwrenilýär we ösdürilýär.Şol gymmatlyklarymyzyň naýbaşy nusgalarynyň biri hem aýdym-saz sungatymyzdyr.Bu gadymy sungat türkmeniň köňül kelamyna öwrülip biziň günlerimize gelip ýetdi.Dutar ýasamak senetçiliginiň,dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgawynyň sanawyna”girizilmegi mynasybetli güwänamanyň asyl nusgasy 2022-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda ýurdumyza gelip gowuşdy. ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça Hökümetara komitetiniň Pariž şäherinde geçirilen nobatdaky 16-njy mejlisinde dabaraly ýagdaýda yglan edildi.Elbetde,türkmen dutarynyň we bagşyçylyk sungatynyň ýeten bu belent derejesi,ilkinji nobatda,hormatly Prezidentimiziň halkara gatnaşyklarynda ikitaraplaýyn we köpugurly hyzmatdaşlygy, birek-birege ynanyşmak arkaly medeni diplomatiýanyň ygtybarly gurallaryny netijeli peýdalanmak bilen ösdürmek,dost-doganlyk ýörelgelerini has-da giňeltmek babatynda alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň dünýä döwletleriniň arasynda doly goldanylýandygynyň aýdyň mysalydyr.Bu beýik derejesindäki mertebesini hasda beýgeltmek ugrunda irginsiz zähmetiniň netijesidir. Hormatly Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ýaşlarymyzyň senetçilige bolan höwesi has artýar.Ýurdumyzda ýaş nesliň ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza wepaly, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda amala aşyrylýan işler,taýsyz tagallalar bu gün oňyn netijesini görkezýär.Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy”atly ajaýyp eserinde ýaş nesli kemala getirmek hakynda “Ata-babalarynyň ýörelgelerine ygrarly bolmak,olary baýlaşdyrmak,gelejek nesillere ýetirmek her bir halkyň öňünde durýan wajyp meseleleriniň biridir” diýlen ajaýyp jümleleri bar. Türkmenistanyň 14 ýaşdan 35 ýaşa çenli aralykdaky raýatlarynyň ýaşlardygy,galyberse-de hereket edýän edaradyr kärhanalaryň düzüminde zähmet çekýän işçileriň hem 75 göteriminiň ýaşlardygyny göz öňüne tutsak,ýaş nesil baradaky aladanyň neneňsi wajypdygy öz-özünden ýüze çykýar.Şu nukdaýnazardan ugur alyp,bu gün ýaşlarynyň kalbynda Gahryman Arkadagymyza,Arkadagly Serdarymyza bolan çäksiz söýgüsi joş urýar. Goý Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ak geljege tarap alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Döwrandurdy ORAZDURDYÝEW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Bereket etrap Geňeşiniň başlygy.