Hormatly Prezidentimiziň uly tagallalary netijesinde ýurdumyzda ynsan saglygyny hemme zatdan ileri tutmak, raýatlary ýokanç we beýleki dürli kesellerden goramak, olaryň ýüze çykmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak, halkymyzy sagdyn durmuşda ýaşatmak boýunça geçirilýän işler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz ajaýyp beýanyny tapýar.
Adamyň şahsy arassaçylyk düzgünleri möwsümde ýüze çykyp biljek birnäçe ýokanç keselleriň öňüni alýar. Her bir adam şahsy arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmelidir. Şeýle edilse, onda birnäçe ýokanç keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni alyp bolar. Keseller hapa eller, talabalaýyk bişirilmedik iýmit harytlaryndan we arassalanmadyk suwdan hem geçip biler.
Arassaçylyk-bu adamyň saglygyny berkitmek we saklamak baradaky ylymdyr. Biziň döwletimizde arassaçylygy dogry ýerine ýetirmek üçin onuň talaplaryna laýyk gelýän ähli şertler döredilendir. Arassaçylygy birnäçe toparlara bölmek bolýar. Olar:egin-eşik, aýakgap gigiýenasy, iýmit gigiýenasy, zähmet gigiýenasy, jemgyýet gigiýenasy.
Şahsy beden arassaçylygyna birnäçe talaplar degişlidir. Ol adamyň zähmete bolan ukybyny gowulaşdyrýar, uzak ýaşamagyny üpjün edýär, kesellerden goraýar. Beden arassaçylygynyň talaplary dogry ýerine ýetirilende adam hemmetaraplaýyn sagdyn bolýar. Adamlar köçeden we köpçülik ýerlerinden gelenlerinde hökman ellerini sabynlap, gowy ýuwmalydyr. Mundan başga-da, hajathana barandan soň, nahar iýmezden we iýenden soň, çagalar bolsa, aýdylanlardan başga-da, oýnawaç oýnandan, okuw esbaplaryny ulananlaryndan soň hökman ellerini sabyn bilen ýuwmalydyklaryny, hajathana aýakgaply barmalydygyny, diş çotkalaryny şärikdeşlikde ulanmaly däldigini düşündirmeli. Her bir ene-ata arassaçylyk düzgünlerini berjaý edýändiklerine garamazdan, elmydama çagalara bu babatda ýatladyp durmalydyr.
Adam köp wagtyny öýleriniň içinde geçirip, arassa howa ýetmezçiligi netijesinde hem keselleýär. Keseller howa-damja ýoly bilen näsag adamlaryň üsgürmeginde, asgyrmagynda, gürlemeginde we köp adamly ýerlerde çalt ýaýraýar. Şonuň üçin otaglaryň howasyny çalşyp ýelejiredip, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen ýuwup, arassalap durmaly. Arassa howada gezelenç etmekligi şahsy durmuşyňyzy ornaşdyrmaly. Çünki arassa howada dem almaklygyň adam saglygy üçin peýdalydygyny ýatdan çykarmaly däl.
Sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, keselleriň öňüni almakda, olary öz wagtynda ýüze çykarmakda, gaýra üzülmeleriň öňüni almakda, bejermekde, umuman ilatyň saglygyny dikeltmekde güneşli ülkämiziň keramatly topragynda ösýän dürli ösümlikleriň ynsan saglygyna melhemlik häsiýeti barada giňden maglumat berýän Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri “ we “Çaý – melhem hem ylham” atly kitaplary diňe bir lukmanlar üçin däl, eýsem halk köpçüligi üçin gymmatly we uly häsiýetli ylmy çeşmä öwrüldi. Şol kitaplarda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlaryny içmegi endik edinmeli. Mundan başga-da halkymyzda “Unaş iýip bolynçaň” diýilýän bir aýtgy bar. Çünki bu tagam örän tiz siňýär. Ene-mamalarymyzyň halap bişiren tagamy bolan unaş, türkmen maşgalasynda ir döwürlerde-de möwsümleýin döreýän keselleriň öňüni almak üçin ýöriteläp taýýarlanylýan milli tagamlarymyzyň biridir. Unaş dümewläniň öňüni alýar, işdäsiziň işdäsini açýar. Şonuň üçin hem işdäsi kesilen adama jazsyz, ýönekeý gaýnap duran suwa unaşy atyp gatyklap beripdirler. Il arasynda kesellän näsagyň derlemegini, öýüňe döwlet, rysgal, bereket ornaşyp, bar bela-beterleriň daga-daşa gitmegini dileg edipdirler. Uzak ýyllaryň dowamynda ýörgünli bolan bu tagama “Begleriň aşy” hem diýipdirler.
Bilşimiz ýaly, datly tagam unaşyň dürli görnüşleri bar. Olara noýbaly unaş, towuk etinden taýýarlanylan unaş, çorba atylan unaş adam saglygy üçin iň wajyp iýmitdir. Unaşyň adam saglygyna ýetirýän peýdasy baradaky täsirli we gyzykly maglumatlar Alym Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly ajaýyp kitabynda öz beýanyny tapýar. Unaşyň bedende özleşmegi ýeňil bolýanlygy üçin aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde, aşgazanyň gaýnaglama we öt ýollarynyň diskenziýa kesellerinde içmeklik maslahat berilýär. Ýokary dem ýollarynyň sowuklama kesellerinde gyzgyn unaşyň içine burç atyp içmeklik maslahat berilýär. Gyzyl burç bagryň, öt ýollarynyň işjeňligini gowulandyrýar, ganyň lagtalanmagyny peseldýär. Işdäni açýar, iýmiti siňdirip, gan aýlanşygy gowulandyrýar. Bulardan başga-da bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyryp, saçlaryň we dyrnaklaryň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Bu tagam biziň desserhanymyzda aýratyn orna eýedir.
Ynsan saglygyny baş döwlet aladalarynyň biri hökmünde ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Maýagül GARAJAÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly
ulgam boýunça esasy hünärmeni.