Türkmen oglan-gyzlarynyň başgaby bolan gadymy tahýasy ene – mamalarymyzyň biziň günümize çenli ýetip gelen medeni mirasymyzyň bir görnüşidir. Halkyň milli eşikleriniň toplumuna degişli bolan başgabyň gorag, bela-beterden saklaýjylyk, älemiň syrlary bilen baglanyşyklylyk, jyns-ýaş dereje bildirmek ýaly birnäçe hyzmaty bardyr. Tahýanyň tutuş toplumynyň aýdyňlygy, gutarnykly şekile gelmegi, kelläniň owadanlygy başgabyň çeperçilik aýratynlygyna, görnüşine, ölçegine baglydyr. Gudrata bolan ynam bedeniň möhüm bölegini-kelläni gorap saklaýan başgaba aýratyn üns berilmegini talap edipdir. Ol soňra özboluşly nyşana öwrülipdir.
Bu başgapda gyz ýygralygy, çekinjeňligi, asyllylygy, içki dünýäsiniň arassalygy, päkligi şöhlelenipdir. Keşde tahýanyň tutuş üstüni örtüp, örän syk saklanypdyr, nagyşlarynyň arasyndaky boş ýerler bolsa, keşdäniň nagyşlaryny gaýtalaýan görnüşde inçe, ýüpek sapaklar bilen syralypdyr.
Geçmişde tahýa keşde we dürli görnüşdäki ownuk kümüş apbasylar bilen bezilipdir. Gyzlaryň tahýalarynyň depesinde içi boş turbajykly gümmez şekilli metal ýarymşar – gupba bolupdyr. Ol milli gyz lybasynyň hökmany bölegini emele getiripdir.
Türkmen obalarynda durmuşa çykjak gyzlara niýetlenen kümüş gupbany tapmak kyn bolupdyr, emma muňa garamazdan, ene-atalar uly gyzlarynyň gupbalaryny ýetginjek gyzlaryňkydan tapawutlandyrmak üçin kümüş gupba tapmaga jan edipdirler. Öz gyzynyň başyna şeýle şaýly tahýany geýdiren ene oňa “Depäň täji bolsun!” diýip, ýagşy dileg edipdir.
Biziň döwrümizde tahýalar welaýatlarda belli bir derejede çäk we ýaş aýratynlyklary boýunça tapawutlanýar, şeýle-de “Zenanlara” ýa-da “Erkeklere” degişliligi babatdan aýratynlyklara eýedirler. Geçmişde başgaplara örän özboluşly bolup, olar milli lybaslaryň “maglumat – many” bölegi hasaplanylypdyr, ýagny tahýa öz eýesi barada köp zatlary habar beripdir. Häzir onuň “Tanadyjylyk hyzmaty” köplenç ýagdaýda öz güýjüni ýitiripdir. Bu gün çagalaryň we ýaşlaryň arasynda milli eşigiň giňden ýaýran we köpçülikleýin ulanylýan görnüşi owadan tahýalardyr.
Ýaşlaryň köpüsi edil gadymy ata-babalarymyzyňky ýaly tahýalary ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde we beýleki köpçülikleýin ýerlerde höwes bilen geýýärler.
Ylmy edebiýatda türkmen tahýasynyň gelip çykyşy barada (gadymy türki dilde “Takýe” diýen söz “Tuwulga” diýmegi aňladypdyr). Milli geýim – gejimleri öwrenýän käbir barlagçylar öňler metaldan tuwulga şekilli tahýalaryň ýasalandygy we olaryň erkek kişileriň söweş esbaby edendigi barada pikiri öňe sürýärler.
Annagül BEGNAZAROWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň
baş buhgalteri.