Arkadagly Serdarymyzyň: «Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys» diýen sargytlaryndan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmak, bilimlerini kämilleşdirmek, zehinli çagalary ýüze çykarmak, olaryň ählitaraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen Milli Bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde tassyklan Düzgünnamasy esasynda, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz-2023» atly şadyýan bäsleşiginiň Türkmenbaşy etrap tapgyry hem guramaçylykly geçdi. Etrap medeniýet öýüniň mejlisler zalynda geçirilen şadyýan bäsleşige orta mekdeplerde 1-2-nji orunlary eýelän gyzjagazlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklyk-da, gyzjagazlar üç şert boýunça, ýagny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, ajaýyp döwrümizi, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirmekde, milli egin-eşiklerini şahyrana sözler bilen wasp etmek şeýle-de, öz ýaş aýratynlygyna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde bäsleşip, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şadyýan bäsleşikde 1-nji orna Türkmenbaşy etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Döwletgeldiýewa Çynar, 2-nji orna bolsa 1-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Durdyýewa Mährijemal mynasyp bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere we tapawutlanan gyzjagazlara ýadygärlik sowgatlary hem-de hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda bäsleşige gatnaşan çagalar ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Şirinnabat SARJAGULOWA,
TMÝG-niň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň müdiri.