GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly «Breýn-ring» bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky hemişelik wekili Mohammad Faýýazi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň baş hünärmeni Merjen Muhammedowa adalatly eminlik etdiler.

Gyzykly geçen «Breýn-ring» bäsleşiginiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplar topary I orna, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplar topary II orna, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplar topary bolsa, III orna mynasyp boldular. Mundan başga-da, «Best Speaker» nominasiýasynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Enejan Açylowa ýeňiji bolmagy başardy. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşyjylara diplomlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Talyp ýaşlaryň arasynda şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi döwletimiziň milli diplomatik ýörelgesi bolan parahatsöýüji ynsanperwer syýasatyny wagyz etmäge, ýaşlaryň umumadamzat meselelerini agzybirlikde, birek-birege ynanyşmak medeniýetini gaýtadan dikeltmek zerurlygyna düşünmeklerini gazanmaga we ýaşlaryň arasynda ylmy we medeni gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edýär.

 

Resul GYLYJOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara

ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

UÇÝAN TEHNOLOGIÝALARYŇ ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

DÜNÝÄNIŇ IŇ BAGTLY ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 3 okalan

HAZAR DIPLOMATIÝASYNYŇ TÜRKMEN NUSGASY