ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR ÝYLYNYŇ TÄZE SEPGITLERI

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň saýasynda Türkmenistan döwletimiziň her bir güni ýatdan çykmajak senelere, wakalara beslenip taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Ýurdumyzyň halkara derejesindäki at -abraýy barha artýar.

Häzirki wagtda dünýäniň ýokary okuw mekdeplerinde BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryndan ugur alýan ÝUNESKO kafedralary hereket edýär. Dünýä ýurtlarynda hereket edýän ÝUNESKO kafedralary her ýurduň milli bilim ulgamyna laýyk gelýän standartlar boýunça işleri alyp barýarlar. Türkmenistan döwletimizde hem BMG-niň bilim, ylym, medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO-nyň arasynda işjeň özara bähbitli ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn we maksatnamalaýyn işler ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň bilim, ylym pudaklary boýunça hem birnäçe halkara ähmiýetli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

1992-nji ýylda ÝUNESKO kafedrasyny açmak hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň 26-njy Konferensiýasynda kabul edilip, häzirki döwürde 134 döwletde 850-den gowrak kafedralar hereket edýär. Türkmenistanda hem abraýly iki sany  ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedrasy hereket edip başlady.

Has dogrusy, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” ÝUNESKO kafedrasyny döretmek şeýle-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ÝUNESKO-nyň “Medeni miras: geçmişden geljege” kafedrasy halkara derejesindäki amala aşyrylan  Garaşsyz döwletiň taryhynda gazanylan iň uly sepgitleriň biridir.

2023-nji ýylyň fewral aýynyň 17-sinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda açylan “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi ÝUNESKO kafedrasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Kafedranyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Gahrymany, ussat diplomaty we Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, institutyň ýolbaşçylary. Professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.  Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa öz çykyşynda: “Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň taryhynda ýatdan çykmajak, altyn harplar bilen ýazyljak özgerişleriň biri bolup geçdi” diýip açylyş dabarasynda buýsanç bilen belledi.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda açylan “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi ÝUNESKO kafedrasynyň esasy maksady durnukly ösüş maksatlaryny ýerli we sebit derejelerinde amala aşyrmakdan, ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmekden we ekologiki bilimi ylmy esasda öwrenmekden ybaratdyr. Institutyň ÝUNESKO kafedrasynyň alyp barjak işleri “Durnukly Ösüş maksatlarynyň” tertibinden we ÝUNESKO kafedrasynyň umumy bähbitlerinden ugur alýar. Şeýle-de, ÝUNESKO kafedrasyny açmagyň esasy maksadyny bellenen ugur boýunça Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek, ýokary okuw mekdepleriniň  hyzmatdaşlygyny üznüksiz ösdürmek we ylmy-barlaglary kämilleşdirmekden ybaratdyr. ÝUNESKO kafedrasynyň esasy maksatlaryny göz öňünde tutup, dünýä we döwlet derejesinde ýokary okuw jaýlarynyň hyzmatdaşlyk toruny döretmekden we şol esasda durnukly ösüşde, ylymda, bilimde we medeniýetde öňdebaryjy netijeleri gazanmaklygy maksat edinýär.

Mundan başga-da, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda açylan “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi ÝUNESKO kafedrasy ýöriteleşýän ugry boýunça ylmy makalalary çap etmäge, beýleki ýokary okuw mekdepleriniň ugurdaş kafedralary bilen ylym we bilim ugurlaryndaky gatnaşyklary ýola goýmaga, toplanan tejribeleri ýaýratmaga ýardam bermekligi maksat edinýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir gününi üstünliklere besleýän ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamyny halkara derejesine ösdürmek boýunça uly tagallalary alyp barýan Alym Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, il bähbitli we umumadamzat jemgyýetini ajaýyp üstünliklere alyp barýan işleri diňe üstünlikler, rowaçlyklara beslensin.

 

Ogulşat HUDAÝBERENOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet

mugallymçylyk institutynyň Jemgyýeti öwreniş

ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

Meňzeş habarlar