TALYP ÝÜREGINIŇ BUÝSANJY

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Hormatly Prezidentimiziň döwlet baştutanlygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedrasyny döretmek we birnäçe umumy bilim berýän mekdepleri ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasyna girizmek bilen baglanyşykly guwandyryjy işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen mundan beýläk bu asylly işe Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hem goşulýandygy, şolaryň hatarynda biziň institutymyzyň hem bolmagy guwandyryjydyr. ÝUNESKO kafedrasynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky  Milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowanyň gelmegi hem biz talyp ýaşlar üçin buýsandyryjy wakalaryň birine öwrüldi. ÝUNESKO kafedrasynyň döredilmegi bilen baglylykda institutymyz daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bolan ýagny Özbegistanyň Nyzamy adyndaky Daşkent döwlet pedagogik uniwersiteti, Buhara döwlet uniwersiteti, Belarusuň A.S.Puşkin adyndaky Brest döwlet uniwersiteti, Russiýanyň Wolgograd döwlet sosial-pedagogik uniwersitetleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk alyp barar. 117 döwletiň ýokary okuw jaýlarynyň şuňa meňzeş kafedralaryny birleşdirýän ÝUNESKO/UNITWIN kafedralarynyň tory, olara ylym we bilim pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge we halkara möçberinde milli tejribesini paýlaşmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de kafedranyň ÝUNESKO-nyň "Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi" ady bilen açylmagy hormatly Prezidentimiziň Alym Arkadagymyzyň  öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler özüniň oňyn netijelerini berýär.

Mähriban Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, daşky gurşawa aýawly garamak, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek häzirki we geljekki nesilleriň abadan durmuşda ýaşamagy hem-de saglygy baradaky alada bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki ynsanyň ömri, örki, ykbaly tebigat bilen sazlaşykda bolýar. Halkymyzyň şöhratly geçmişi, ösüşli şu güni, aýdyň ertiri hem Watanymyzyň täsin tebigaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu günki gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ekologiýa syýasatyny bütin dünýä ykrar edýär. ÝUNESKO kafedrasynyň ekologiýa degişli temany saýlap almagy bize bildirilýän ynamyň çuňňurdygyny görkezýär. Bu kafedranyň müdiri geografiýa ylymlarynyň doktory, biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň dosenti Röwşen Genjiýewiň kafedranyň açylyş dabarasynda “Ilkinji nobatda, ýurdumyzyň degişli bilim ojaklarynda ÝUNESKO kafedralarynyň döredilmeginiň bilim ulgamymyzyň we türkmen ylmynyň güýç-kuwwatyny, mümkinçiliklerini dünýä derejesinde ýaýmaga mümkinçilik berjekdigini aýtmak gerek. Şeýle kafedralar häzir dünýäniň meşhur ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde hereket edýär. ÝUNESKO derejesinde gozgalýan we çözgüdini tapýan meselelerdir wezipeleriň birnäçesi gözbaşyny hut şol kafedralardan alyp gaýdýar. Biz hem ýurdumyzyň ösmegi üçin elimizden gelen ähli zady ederis” diýip bellemegi mende täze täze açyşlara ylmy gözleg işlerine  höwes döretdi.

Geçen ýyl Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň baş tutanlygynda geçirilýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýaşlaryň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolmak maňa-da miýesser etdi. Bu günki gün hem öz bilim ojagymyz bolan institutymyzda ÝUNESKO kafedrasynyň hem açylmagy şatlygyma şatlyk buýsanjymyza buýsanç goşýar.

Eziz Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň döredilmeginiň türkmen ylym-bilimini döwrebap dünýä derejesinde ýaýmaga mümkinçilik berjekdigini ynamly aýdyp bileris. Kafedranyň türkmen medeniýetini we sungatyny dabaralandyrmakda  uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynanýarys. Sözümiň ahyrynda bu halkara derejeli başlangyç üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyna goşant goşmak biziň ýokary okuw mekdebimiz üçin belent mertebedir. Kafedranyň döredilmegi bilen has yhlasly we netijeli işlejekdigimize täze täze ylmy açyşlara döredijilikli çemeleşjekdigimize  ynandyrýarys. Hormatly Prezidentimiziň we Alym Arkadagymyzyň janlary sag bolsun, başlary dik bolsun alyp barýan il bähbitli, döwlet ähmiýetli hem-de umumadamzat ähmiýetli  işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin.

 

Döwran AHMEDOW,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet

mugallymçylyk institutynyň “Biologiýa”

hünäriniň III ýyl talyby.

Meňzeş habarlar