Berkarar Watanymyzy rowaçlyklaryň ak ýolundan uly ynam, synmaz ruhubelentlik bilen nurana geljege alyp gitjek Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her güni beýik ýeňişleri, şanly üstünlikleri buşlaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dana pähim-paýhasyndan, syýasy tejribesinden hem-de atalyk göreldesinden, Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilige, kämillige, gol beren syýasy işjeňliginden, ýüregi gurmak, döretmek, özgertmek hyjuwyndan möwç urýan ýaş nesliň egsilmez joşgunyndan gözbaş alýan şu ýylymyz täzeden-täze şanly başlangyçlaryň polat binýady bolýar. Ynha, ýaňy-ýakynda täze taryhy eýýamyň möhüm syýasy wakalarynyň biri― ýurdumyzyň baýry ýokary okuw jaýy bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi Ýunesko kafedrasynyň açylmagy kalbymyzy buýsanç duýgularyna besläp, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň giň gerimler bilen ösdürilýänliginiň örän aýdyň subutnamasy bolup durýar. Çünki, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilýän belent sepgitler bizi bagtyýar geljegiň ak daňlaryna atarýar.
Bu dabaraly çärä ýagny, Ýunesko kafedrasynyň açylyş dabarasyna ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli komitetiniň jogapkär sekretary Rüstemowa Çynar Täjiýewna hem-de institutymyzyň rektory, professor-mugallymlarymyz we talyp ýaşlarymyz gatnaşdylar. Dabaraly pursatda ylmy barlag işleri alyp barmakda hem-de on ýedi sany durnukly ösüş maksatlaryny milli we sebit derejesinde durmuşa geçirmekde möhüm wezipeleri ýerine ýetirjek Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi Ýunesko kafedrasynyň açylmagy bilen bagly buýsançly sözler beýan edildi we öňümizde durýan jogapkärli wezipeler, ägirt uly işler dogrusynda aýratyn nygtaldy. Açylyş dabarasynyň dowamynda çuň mazmunly çykyşlara hem giň orun berildi. Çykyş edenleriň ählisi Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ylym-bilim ulgamynyň işgärlerine bildirýän talaplaryny doly we dogry berjaý etmekde, pedagogik işgärleriniň öňde goýan belent we aýdyň wezipelerini ýerine ýetirmekde yhlaslaryny, gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdyklary barada bellediler.
“Ýurdumyzyň ösüş ýoluny şan-şöhrata beslemek bilen biziň el-ele berip, birek-birege düşünip, ähli gujur-gaýratymyzy bir ýere jemläp, halal zähmet çekip gazanjak ýeňişlerimize baglydyr” diýip geljekki ösüşlere ruhlandyrýan Arkadagly Serdarymyz arzuwlara ganat , ylhamlara joşgun berýär. Çünki, ýetilýän belent sepgitleriň, gazanylýan her bir üstünlikleriň dowamy bolsa waspy dillere sena bolup ornan, ýüreklere ajaýyp aýdym bolup ýaýran gözel Diýarymyza bolan arassa we mukaddes söýgiden gözbaş alýar . Beýik ösüşleriň bady bilen Ata Watanymyzyň syýasy we ykdysady, ylym-bilim , medeniýet ulgamlarynda ýeten sepgitleri hem-de halkyň ruhy – medeni durmuşyny galkyndyrmakda gazanan belentlikleri türkmen bagtyýarlygynyň synmaz binýadyna öwrülýär.
Her bir ýürek urgusy halk hem-de Watan diýen sözler bilen heňdeş Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýolunyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Mähri ALYMOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky
TDMI-niň III ýyl talyby.