NOWRUZ – TEBIGATYŇ HEM-DE KÖŇÜLLERIŇ BAÝRAMY

Gyş ahyrlap, öz ornuny bahar paslyna berýär. Daş töwerek al-elwan güllere beslenip, janly-jandarlary özüne maýyl edýär. Baharyň gelmegi bilen tebigat has gözelleşýär. Gün uzap, ýer ýylaýar.

Gök maýsalaryň ýakymly ysy burnuňa urýar. Adamlaryň göwni açylyp, ruhy göterilýär. Bu ýagdaý - ülkämize Nowruzyň gelendigini habar berýär. Nowruz baharyň buşlukçysydyr.

Halkymyz Milli bahar baýramy, ýagny Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen belleýär. Folklor-etnografiýa toparlarynyň çykyşlarynda, milli lybaslarymyzyň nagyşlarynda, ýerine ýetirilýän aýdymlardyr tanslarda bu gadymy baýramyň tebigat bilen ynsanyň arasyndaky berk arabaglanyşygy açylyp görkezilýär.

Biz Nowruz baýramyny agzybirligiň, bagtyň, ynsan ömrüniň bakylygynyň nyşany hökmünde kabul edýäris... Bu baýram gününde biz birek-birege parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny arzuw etmek bilen, saçaklarymyzy giňden ýazyp, hödür-kerem edýäris.

Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyz, bu baýram barada “türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr” diýip belleýär.

Hawa, Nowruz galkynyşyň, gülleýişiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleriniň biridir.

BMG-niň ylym, bilim we medeniýet boýunça ÝUNESKO guramasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär.

Ol medeniýetleriň gadymy taryhyny, zähmet dessurlaryny we maşgala däplerini, saz mirasyny häzirki zamanyň sungat ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, adamlaryň şatlygyna şatlyk goşýar.

Nowruz gadymy döwürlerden bäri halk döredijiliginiň ähli görnüşlerini, pederlerimiziň ruhy we medeni gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Her ýyl Nowruz baýramy mynasybetli gelin-gyzlarymyz tarapyndan Nowruzyň milli tagamy bolan semeni taýýarlanylýar. Bu tagamy taýýarlamak işine köçäniň ugrundaky ähli goňşular bir ýere jemlenýärler we birek-birege ýagşy arzuwlary edýärler.

Müňýyllyklar we asyrlar geçse-de, bu baýramyň ähmiýeti birjikde peselmeýär. Taryhy tapgyrlary geçip gelen Nowruz türkmen halkynyň häzirki durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Öwşün atýan gymmat bahaly daş kimin, bu baýram adamlara şatlyk eçilýär we gözelligi, ruhubelentligi, hoşniýetliligi, dost-doganlyga, agzybirlige bolan çagyryşy özünde jemleýär.

Türkmen halkynyň pelsepewi dünýägaraýşyny we ähli döwürlerde-de aýratyn ähmiýeti bolan ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän Halkara Nowruz güni ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrýan Berkarar döwlettäze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşýar. Baýramyň öň ýanynda geçirilýän “Bag ekişlik dabarasy” biziň dem alýan howamyzyň arassa bolmagyna, baglaryň kölegelerinde adamlaryň rahat dynç almaklaryna, şäherdir obalarymyzyň gök dona bürenip, has-da gözelleşmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Şular ýaly ýagşy işlere şärik bolup gatnaşmagyň özi hem bagtlylykdan nyşan. Şonuň üçin hem, ýaşlaryň her bir işe döredijilikli çemeleşmekleri üçin giň ýollary açyp berýän Arkadagly Serdarymyza, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Ahmet BEGLIÝEW,

Türkmen döwlet maliýe

institutynyň 1-nji ýyl talyby

Meňzeş habarlar