ÝUNESKO-NYŇ ŞTAB-KWARTIRASYNDA ARKADAG ŞÄHERI TANYŞDYRYLDY

Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçisi we ÝUNESKO-daky hemişelik wekili Maksat Çaryýew ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň Afrika we daşary gatnaşyklar boýunça orunbasary jenap Firmin Eduard Matoko bilen duşuşdy. Duşuşykda ilçi döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri bilen tanyşdyrdy. Bu barada ilçihana sosial ulgamlarynda habar berdi.

Ilçi şäheriň döwrüň öňdebaryjy tehnologiýalary esasynda, daşky gurşaw talaplaryna laýyklykda gurlan innowasiýa taslamasydygyny belledi. Şeýle hem onuň şäher infrastrukturasyny ösdürmekdäki mümkinçilikleri hakynda gürrüň berdi. Öz gezeginde ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary Firmin Eduard Matoko Arkadag şäheriniň gurluşygynda gazanylan üstünliklere ýokary baha berdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda döredijilikli we netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, bilim, medeniýet, ylym we tehnologiýa ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki derejesi kanagatlanma bilen bellenildi. Firmin Eduard Matoko ÝUNESKO tarapyndan guralýan köp sanly taslamalara gatnaşýandygy üçin Türkmenistana hoşallygyny mälim etdi. Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýakyn wagtda durmuşa geçirilip bilinjek anyk taslamalaryň we başlangyçlaryň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

turkmenportal.com

Meňzeş habarlar