HALYÇYLYK SUNGATY

Häzirki döwürde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet baradaky ýörite düzüm birligi bolan ÝUNESKO guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy saklap, milli miraslarymyzy dikeltmekde, adamzadyň mady hem-de maddy däl medeni miraslaryny öwrenmek üçin şertleri döredip berdi. Şeýlelik bilen hem, haly dokamak, keşde çekmek, keçe etmek, çopançylyk etmek, dutar ýasamak, bedew atlary seýislemek ýaly türkmenleriň durmuşynda amal edilen işleri bu günki gün sungat derejesine çykaryldy, bu bolsa kesp-kärleriň dowamatynyň dowam boljakdygynyň güwäsidir. Şu nesilden-nesle geçen kesp-kärleriň ählisinde hem adamlaryň arasynda birek-birege hormat goýlupdyr, ynam edilipdir, olaryň arasyndaky sazlaşykly hereket bolsa, diňe döredijilikli işlemeklerine getiripdir. Ynha şolaryň biride haly dokamak sungatydyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Gahryman Arkadagymyz, türkmen halkynyň milli Lideri özüniň «Janly rowaýat» kitabynda: «Ine, şeýdip ýüň ýüplükler üýşmek ýüňden ybaratlygyndan ädimme-ädim ähli tapgyrlary geçip, älemgoşaryň bar öwüşginlerini alyp, çogdam ýagtylyk bolup, nagyşlara we keşdelere öwrülip, ajaýyp haly bolupdyr» diýip, ene-mamalarymyzyň yhlasyna, hünärine, zähmetine, olaryň döreden ajaýyp sungatyna uly hormat goýup, buýsanç bilen belläp geçýär.

Türkmen halyçy gelin-gyzlarynyň dür dökülýän ellerinden çykýan gözel eserlere haýran galmajak adamy hem tapmak kyn. Milli medeniýetiň däpleri hakynda söhbet edilende, öz ähmiýeti boýunça ägirtlige barabar bolan bu sungatyň türkmen halkynyň tutuş ýaşaýyş pelsepesiniň içinden eriş-argaç geçýändigi hakynda gürrüň açmazlyk mümkin däldir.

Munuň özi türkmen halylaryna we çeper halyçy ussatlarymyzyň şanyna hakyky senadyr. Türkmen halysy - şekilleriň we nyşanlaryň, onuň tükeniksiz nagyş gözelliginiň we şahyranalygynyň çäksiz dünýäsi hakynda oýlanma kitabyny ýada salýar. Ol haýran galmagyň we nepislige çagyrmagyň eseri ýaly bolup her bir adama ýakymly täsir edýär. Munuň özi goja taryhyň ýollarynda türkmen halkynyň geçen uzak ýoluny nagyşlarda möhürläp gelen döredijilik älemine açylan gapydyr.

Haly ýüplügini kesmäge niýetlenen gural bolan bürünç keserler Türkmenistanyň günorta-günbatar tarapynda Sumbar jülgesinde tapyldy hem-de olar biziň eýýamymyzdan ozal II müňýyllyga degişlidir. Şeýle hem, bäş müň ýyl mundan ozal dokalan türkmen halyçylygyna mahsus görnüşdedir we Altaý daglarynyň Pazyryk belentliginde baky doňaklykda saklanyp galypdyr-bularyň ählisi şol bir ugra degişlidir hem-de halkymyzyň taryhyny öwrenmek üçin örän gymmatly çeşmedir.

Haly gölleri ösüşiň uzak ýoluny geçmek, halkyň ruhy özboluşlylygynyň we beýik baý taryhy-medeni mirasynyň çeper beýany bolmak bilen, häzirki zaman türkmen döwletinde milli taýdan jebisleşdiriji nyşanlaryň birine öwrüldi. Haly gölleri ýurdumyzyň Döwlet baýdagyny bezeýär, binagärçilik bezeginiň aýrylmaz düzümi bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň 2011-nji ýylda türkmen halysy babatda neşir edilen “Janly rowaýat” atly kitaby, şeýle hem 2016-njy ýylda neşir edilen Arşyň nepisligi” atly ýene bir kitaby daşary ýurtly okyjylara beýik sungat hem-de ruhy we maddy medeniýetiň baý gory hökmünde türkmeniň el halyçylygyna bolan düýpgöter täze garaýşy açdy.

Bu kitaplardaky ençeme ajaýyp suratlar jadyly haly uçarynda wagtyň we giňişligiň içinden hyýaly syýasat etmäge mümkinçilik berýär. Haly hakyndaky söhbet iň ýokary ,,şekillendiriş” ýörelgesi arkaly alnyp barylýar - bir görseň, okyjynyň ünsi ol ýa-da beýleki nagşa we çitime gönükdirilýär, bir görseňem, tebigy görnüşler we sazlaşyk bilen hususy keşplere we deňeşdirmelere hyýaly uçuşyny we göz öňüne getirmäni oýarýar.

Ynha, “Arşyň nepisligi” atly kitabynda Türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz “Ir mahallar zenanlar ýüň-ýüpeklerini işmek, saramak, bükdürmek üçin, obadaky ussalaryň ýasaýan çarh, kelep agajy, lek-leki ýaly gurallaryndan peýdalandylar. Çarhy dyngysyz aýlasaň, ol ýüpegi sarap, işe taýýarlaýar. Ähli aýlanýan zatlar dünýä tizlik beren başlangyçdyr. Tigriň oýlanyp tapylmagynyň nähili uly özgerişlik getirendigini göz öňüne getirmek üçin, dünýäniň hereketini bir pursat synlamaly. Çünki, bu ýerde ähli zatlar – hat-da Zeminiň özem aýlanyp hereket edýär. Bir nokatdan ýene şol nokada gaýdyp gelýär. Çünki, islendik zat hem başlangyçdan çykyp, soň ýene başlangyjyna gelýär. Sebäbi ol özüniň baş alan hanasyndan aýrylsa, örküni ýitirýär”, diýmek bilen gadymy ýörelgeleriň dowamat-dowam bolmagy ugrunda halypa-şägirtlik ýoly bilen şu günlerimize gelip ýeten mirasymyzy aýap, ony öwrenip, geljekki nesillere ýetirmekde her bir ynsanyň borçludygyny düşündirýär.

Biz, ýaşlar hem, milli mirasymyzy öwrenmekde döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Arkadagly Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumlarynyň rowaç almagyny arzuw edýäris.

 

Kamila KURÝAZOWA,

Türkmen döwlet maliýe

institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar