Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyz bedew bady deýin günsaýyn ösýär, özgerýär. Biziň milli buýsanjymyz bolan deňi taýy bolmadyk ýyndam bedew atlarymyz taryhda türkmen durmuşynda uly orun eýeläpdir. Hormatly Arkadagymyzyň “Ganatly bedewler”, “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” ýaly döreden eserlerinde türkmen bedewlerimiziň waspy giňden beýan edilýär. Onuň müňýyllyklaryň dowamynda sungat hökmünde kemala gelşi, gylyk-häsiýetleri barada beýan edilip, gymmatly maglumat çeşmesi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynda halkymyzyň watançylygynyň ynsanperwer ýörelgeleriniň kemala gelmeginde bedewlerimiziň orny has ýokary bolupdyr. Türkmen bedewi adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup, gadymdan bäri edebi ýazgylaryň esasy gahrymany bolmagynda galýar” diýip, belleýär. Ata-babalarymyz ýüwrük bedewlerine atlanyp, dünýä ýol salypdyrlar. Olar milli medeniýetimiziň genji-hazynasy bolan ajaýyp bedewlerimizi oňat seýisläp, köpeldip we ganyny arassa saklap nesillerimize galdyrypdyr” diýip, belleýär. Bedew atlarymyzyň tarypynyň biziň milli medeniýetimizde, edebiýatymyzda we aýdym-saz sungatymyzda tutýan orny aýratyn bellärliklidir. Munuň şeýledigine “Oguznama”, “Gorkut ata”, “Görogly” eposlaryny okanyňda göz ýetirmek bolýar. Muňa mysal edip “Saňa at diýmerin, gardaş diýerin” diýip, bedew atyň özüniň dine bir hyzmatyny edýän jandary däl-de, eýsem ýoldaşy hökmünde görýändigi eserde beýan edilýär. Bu bolsa milli gahrymanymyz bolan Göroglynyň Gyrat atly atynyň ýanyndan aýrylman onuň bilen dost-ýar, ýoldaş bolandygyny görkezýär. Muňa mysal hökmünde “Oguznama”, “Gorkut ata”, “Görogly” eposlarynda duş gelýän birnäçe aýdymlary, türkmen halk sazlary bolan “At çapan”. “At çapar”, “Göroglynyň at oýnadyşy” ýaly sazlary görkezip bolar. Bu eposlarda duş gelýän birnäçe ýola salynyp aýdylýan aýdymlar bar. Aýdymlardan: “Gyrat meni Çandybile sen ýetir”, “Bedew atly, demir donly Görogly”, “Gyrat sen”, “Gyratym” ýaly birnäçe aýdymlary mysal getirmek bolar. Türkmen nusgawy we mukamçy kompozitorlarymyzyň “Meleguş”, “Gyratym”, “Bedewler”. “Gyratym girse meýdana”, “Sen ak atda, sen gyratda, ganatda” ýaly bedew atlarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymdyr-sazlary görkezmek bolar. Bu aýdym sazlarda bedew atymyza bolan söýgi, onuň owadanlygy, çeýeligi we ýyndamlygy beýan edilýär. Bedew atlarymyz häzirki wagtda dünýä ýüzünde owadanlygy, ýyndamlygy bilen tanalyp älem-jahana ýaň salýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy we atçylyk sport toplumy, ýurdumyzyň bäş welaýatynda hem ýerleşýän aýlawlar açylyp ulanylmaga berildi. Bu ýerlerde geçirilýän çärelerde hem bedew atlarymyzyň tarypy biziň aýdym sazlarymyzyň üsti bilen görkezilýär. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenip geçilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk toplumynda geçirilýän çärede hem bedew atlarymyzyń tarypy bagşy-sazandalarymyzyň aýdymdyr-sazlary bilen wasp edilýär. Bu aýdym-sazlar bedew atlarymyza ruhy taýdan goldaw berip olaryň güýjüne güýç goşýar. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýä ýüzündäki çykyşlarynda hem biziň milli aýdymdyr-sazlarymyz ýaňlanyp, olaryn çykyşlaryny has-da şowhunly görkezip, olara üstünlik getirýär. Bedew atlarymyzy, milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä tanatmakda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Kuwwat ÝOWBASAROW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň talyby.