Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça uly işler alnyp barylýar. Taryhy gymmatlyklarymyzy goramak, olara aýawly seretmek, mundan beýläkde ösdürmek barada aladalar edilýär. Bu ýörelgäni geçmişi öwrenip, geljege sary aýgytly öňe ýol diýip aýtsa-da bolar.
Bu günki günde ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän atşynaslyk ýörelgeleri döwrebap derejede ösdürilýär. Bu bolsa türkmen halkynyň atşynaslyk we seýisçilik sungaty, ajaýyp ahalteke bedewi ýaly milli gymmatlyklarymyzyň kemala gelmegine ýardam edýär.
Garaşsyz baky Bitarap ýurdumyzda ýelden ýüwrük jenneti bedewlere türkmen medeniýetinde, sungatynda we edebiýatynda berilýän ornuň aýratyn üýtgeşikdigi bellenmäge mynasypdyr.
Ahalteke bedewlerimiziň çeper edebiýatdaky keşbini öwrenmekligiň özi ýaş nesillerde watançylyk, gahrymançylyk duýgularyny oýarýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar , sapa-da”, “Gadamy batly bedew”, “Ahalteke bedewleri biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” ýaly ajaýyp eserlerinde halkymyzyň milli seýisçilik sungatynyň tärleri inçelik bilen yzarlanýar we baý maglumat goryny özünde jemleýär.
Aýlawlarda bolup, ula goýberilen at çapyşyklarda ganat baglap uçýan gamyşgulak bedewleriň aýak urşuny, gadam goýşuny synlanyňda, olaryň kalplara berýän joşgunyny söz bilen taryp etmek aňsat däl. Şeýle pursatlarda Gahryman Arkadagymyzyň “Ýyldyz syçradyp toýnagyň, beze sen türkmen toýlaryn” diýen setirleri kalbyňa dolýar .
Halkymyzda mukaddeslikler derejesinde hasaplanýan milli senetleri gaýtadan dikeltmek boýunça başy başlanýan işler dünýä jemgyýetçiliginiň synçy nazaryndan sowa geçmeýär.
Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynasy, göz guwanjy, köňül buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň köpasyrlyk şöhratyny gaýtadan dikeltmek hem dünýä ýaýmak boýunça durmuşa geçirýän işlerine çäksiz guwanýarys. Ýurdumyzda atçylyk pudagy üçin ýokary hünärli, öz saýlan ugrunyň inçe syrlaryny kemsiz ele alan hünärmenleri, ussat atşynaslary, halypalaryň göreldesine eýerýän seýisleri, çapyksuwarlary taýýarlaýan köpsanly merkezler döredilýär. Arassa ganly ahalteke atlarynyň tohumçylyk–seçgi işini kämilleşdirmek, ýurdumyzda atçylyk pudagyny we sportyny ösdürmek, seýisçilik hem çapyksuwarlyk senediniň at-abraýyny arşa götermek boýunça nusga alarlyk işler amala aşyrylýar.
Zandy milli buýsanja eýlenen halkymyzda “At –myrat” diýen gysgadan göweje guýaýmaly paýhas bar. Arzuw, maksat, myrat edil türkmeniň behişdi bedewleri ýaly ganatly hem gözel .Olar toýnagyna ýeller gonan bedewler ýaly ýüwrük hem hyjuwly. Şeýle arzuwly durmuşymyzyň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň bimöçber watançylyk söýgüsiniň, irginsiz zähmetiniň durandygyna buýsanýarys!
Amannazar WELMYRADOW,
Türkmenistanyň Inžener – tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň talyby.