TÜRKMEN BEDEWI - TÜRKMEN HALKYNYŇ TARYHY GYMMATLYGYDYR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli miraslarymyzyň taýsyz genji hasaplanýan behişdi bedewlerimiziň şöhraty bütin Ýer ýüzüne doldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Biz milli medeniýet ulgamymyzy döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris.

 Şeýle hem taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny abat saklamak hem-de öwrenmek, taryhy we medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek işlerini-de alyp bararys.

 Şonuň ýaly-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin bu desgalaryň sanyny artdyrmak boýunça hem iş geçireris» diýen jaýdar sözlerinden ugur alyp, halkymyzyň medeni mirasyny, taryhy gymmatlyklaryny öwrenmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Dogrudanam, taryhyň islendik döwrüne ser salanyňda-da, biziň milli gymmatlyklarymyz dünýä alymlarynyň hem-de jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip gelipdir. Gadymy antik döwründe bu topraga nesibesi çekip gelen daşary ýurtly jahankeşdeleriň ençemesiniň nazary bolsa köp halatda halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewlerinde eglenipdir. Hatda beýik serkerde Aleksandr Makedonskiý hem grek taryhçysy Arrianyň ýazmagyna görä, türkmen bedewlerine: «Bu bedewler edil esger ýaly düşbi we gaýduwsyz, olar esgeriň pikirini we oý-hyýalyny edil gözünden okaýar.» diýip, ýokary baha beripdir.

         Türkmen bedewleriniň owadanlykda, çalasynlykda, duýgurlykda, ukyp- başarnyklarynda deňi-taýy bolmandyr. Türkmen ýigidi bedewine atlanyp, jeňe gideninde, onuň bedewi gerçegiň göwnüne laýyk hereket etmegi başarypdyr. Ýaraga gümra eýesine kynçylyk döretmezlik üçin onuň aty-da haýsy ugra ýykgyn etmeli bolsa göwresini şol ýana ugrukdyrypdyr. Eýesiniň her bir hereketlerine, duýgularyna werziş bolan bedew at onuň sesinden, hereketinden, ýürek urşundan ýagdaýy duýupdyr.

         Türkmen bedewleriniň dünýä meşhur ajaýyplyklarynyň birine öwrülmeginde türkmen seýisleriniň ähmiýeti örän uludyr. «Mal eýesiniň gözünden suw içermiş» diýlişi ýaly, merdi-merdanalygy, gaýduwsyzlygy, üşükliligi bilen eýesine meňzeýän bedewleri ýetişdirmek üçin seýisler ýadawsyz zähmeti, irginsiz aladalary, ýiti zehini siňdiripdirler.

         Türkmen halky towsanaklap ýören taýçanakdan älemi baglajak bedew aty, oýnap ýören oglanjykdan ýurt hökümdaryny ýetişdirmegi başarypdyrlar. Türkmen seýisleri «ýüzden ýüwrük, müňden tulpar» diýen pähime eýerip, at sürüleriniň içinden geljekde haýsy taýçanagyň nähili meşhur bolup ýetişjekdigini aýtmagy başarypdyrlar. Taýçanagyň ýa-da atyň reňkine, häsiýetine we beden gurluşynyň aýratynlyklaryna görä onuň nä derejedäki at bolup ýetişjekdigini öňünden bilipdirler.

         Bedew atlara atlanan watan goragçylary öz atlary bilen mydama türgenleşikde bolupdyrlar. Şonuň üçin hem bedew üstündäki oýunlara has-da kämilleşip, çalasynlyk we çalt pikirlenmek dürli ýagdaýlarda basym çözgüt çykarmagy başarypdyrlar. Türkmen ýigitleri at üstünde ýerine ýetirilýän «Ata bukulma we atly bukulma», «Atly göreş», «Çybyk kesdi», «Altyn gabak», «Syrtmak atma», «At bökdürme», «At agdarma» ýaly türgenleşik häsiýetli oýunlary ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler. Şeýlelik bilen olar söweş endiklerini we başarnyklaryny has-da kämilleşdiripdirler.

Türkmen aty, nepis halysy, dutary, ak bugdaýy, şaý sepleri, alabaý iti, bularyň hemmesi-de halkymyzyň döreden maddy gymmatlyklary bolup, dünýäde deňi-taýy ýokdur.

Gadymy ýazuw ýadygärliklerinde halkymyzyň taryhyna, edebiýatyna, diline, medeniýetine we ylmyň beýleki ugurlaryna degişli ýazgylar bilen bilelikde türkmen bedewlerine dahylly ýazuw ýadygärlikleri-de az däldir. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär : “ Ýelden ýüwrük bedewler baradaky maglumatlar gadymy müsür faraonlarynyň ýazgylarynda, gadymyýetiň  alymlary, ýazyjylary – Gerodotyň, Aristoteliň, Gomeriň, Owidiniň, Wergiliniň, Ksenofontyň we beýleki meşhur  adamlaryň sene ýazgylarynda we eserlerinde duş gelýär” .

         Bedewleri suratkeşler, heýkeltaraşlar dünýäniň dürli ýurtlarynyň dürli döwürlerinde ýaşap geçen, şeýle hem sungat dünýäsinde görnükli yz goýan beýik ussatlar, halk senetkärçiliginde özleriniň hünärleri bilen öçmejek yz goýan atsyz suratkeşler bedewleriň keşbini şekillendiripdirler. Ýöne türkmen sungatynda bedewiň keşbi hemişe gözelligiň we sazlaşygyň nusgasy hökmünde görkezilýär. Gadymy döwürlerden bäri halk döredijiliginde bedewleriň keşbi özboluşly mana we möhüm orna eýe  bolup, ýagtylygy, güýji alamatlandyrypdyrlar. Häzirki zaman türkmen sungatynda bedew  milli nyşanlaryň çeşmesi, ruhy galkynyşyň kökleri, şeýle hem giňişligi we döwri ýeňip geçmäge ukyply güýç hökmündäki milli nyşan bolup durýar.

         Häzirki wagtda türkmen bedewlerine täze bir ajaýyp eýýam açyldy. Bu gün türkmen bedewi dünýä çykýar.     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýelden ýüwrük behişdi  bedewleriniň at-owazasyny bütin dünýä ýaýyp, türkmeniň maddy we ruhy-medeni gymmatlyklary gujagynda göterip  oturan eziz ülkämiz bedew bady  bilen ösüşleriň täze belentliklerine galýar.

         Döwletimiziň abraýyny belende galdyryp ýer ýüzüne "Türkmen bedewi" adyny çaýyp, şan-şöhratymyzy arşa çykaran bedewlerimiziň baýramçylygyna bagyşlanyp, ýylyň-ýylyna döredijilik işgärleriniň arasynda bäsleşikler geçirilýär. Suratkeşlermiz reňkler älemini sazlaşdyryp, behişdi bedewlerimiziň gözel keşbini kagyzda siňdirse, şahyrlarymyz:

 

Pasly, bahar güle çümen çaglary,

Joş uranda sährä-düzi, daglary,

Göwün at üstünde ganat baglady,

Seýle çykyp alys ýollara, bedew!

 

Kändir bu jahanyň sapa-seýrany,

Gözel göwnüm-gül diýaryň haýrany.

Türkmeniň döwletli döwri-döwrany,

Ýyldyrym ýetdirmez ýellere, bedew!

 

Baýlyk kändir asman zemin arada

Ýöne saňa taý geljek zat nirede?!

Dünýä halklaryny dosty-ýar eden

Bir belent ykbal sen illere, bedew!

 

Türkmen halkynyň nusgawy şahyrlary Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Seýdiniň, Mätäjiniň şygyrlarynda duş gelýän türkmen bedewiniň waspy hemmeleri haýran edýär. Türkmen halkynyň baý ruhy mirasynyň biri bolan «Görogly» şadessanynda ynsan bilen behişdi bedewiň arasyndaky sazlaşyk has täsirli beýan edilipdir. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly ajaýyp kitaby halkymyzyň gadymdan gelýän seýisçilik we atşynaslyk sungatynyň şöhratyny has hem beýgelden eserleriň biridir. Bedew türkmeniň ruhy baýlygynyň özenini özünde jemleýän täsinlikdir. Sebäbi bedew bilen bagry badaşan ata-babalarymyz ony mukaddeslik derejesine ýetiripdirler.

Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy hem özüniň “Aty gerek” atly goşgysynda goç ýigidiň at-abraýy gazanmagy üçin bedew atynyň gerekdigini:

 

At gazanar goç ýigidiň Owal bedew aty gerek,

Diýen şahyrana setirler bilen nygtaýar.

 

Seýit Nazar Seýdi özüniň ‘Üsti bedewiň’ goşgysynda bedew atynyň tarypyny ýetirýär. Ol ata gowy seredip,onuň eýer esbabyny ýerbe-ýer edip münseň, at arkasy Süleýmanyň tagtyndan kem däldigini:

 

Münende şaý bolsa tükel esbaby,

Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň.

Jul eýleseň, atlaz ile zerbaby,

Şonda biarmandyr üsti bedewiň.

 

ýaly goşgy bent arkaly açyp görkezýär.

Şeýle-de bedew atynyň belli bahasynyň ýokdugyny, oňa dünýe malyny berseňde az boljakdygyny ýokary şahyranalyk bilen beýan edýär:

 

Bedew münen deh diýip, girer oýna,

Ony gören gözler ajap söýüne,

Berip alsaň ýüz müň düýe goýuna,

Şonda-da arzandyr üsti bedewiň.

 

“Görogly” şadessanynda bedew atynyň keşbi adamlaşdyrylyp görkezilipdir. Gyrat Görogly üçin serişde bolman, eýsem-de onuň üçin iň ýakyn hemrasy, syrdaşy bolup çykyş edýär. Meşhur halk aýdymyna öwrülen “Gyrat meni Çandybile sen ýetir” goşgusynda hem Gyratyň hemmetaraplaýyn tarypy ýetirilýär.

 

Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, mukaddes topragymyzyň üstünde ahalteke bedewlerimiziň toýnagyndan nurlar syçrasyn! Ösüşleriň belent menzillerini, aýdyň maksatlaryny nazarlap, gün-günden uly ösüşlere beslenýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz mundan beýläk hem bedew badyndan bat alyp, uly özgerişlere eýe bolsun! Türkmen bedewiniň at-abraýyny dünýä ýaýmakda uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun! Gül diýarymyzyň dowamaty dowam bolsun!

 

Abraý SULTANOW,

Türkmen Döwlet binagärlik–gurluşyk

institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň

Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy

hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar