Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ýylynda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň her güni täze ösüşlere, sepgitlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň we Alym Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen belentliklere uzaýan üstünlikler we ýetilen sepgitler sanardan kän.
Ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi bilen häzirki döwürde dürli ugurlarda uzagara sapaklar, okuwlar, taýýarlyklar, konferensiýalar, ylalaşyklar, maksatnamalar amala aşyrylýar, şeýle-de okuwçylaryň we talyp ýaşlaryň arasynda onlaýn internet olimpiadalar geçirilýär.
Häzirki wagtda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda açylan “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi ÝUNESKO kafedrasy durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda dürli görnüşli ylmy, medeni maksatly çäreleri alyp barýar. Ozal hem habar berlişi ýaly, bu kafedranyň esasy maksady durnukly ösüş maksatlaryny ýerli we sebit derejelerinde amala aşyrmakdan, ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmekden we ekologiki bilimi ylmy esasda öwrenmekden ybaratdyr.
Institutyň ÝUNESKO kafedrasynyň alyp barjak işleri “Durnukly Ösüş maksatlarynyň” tertibinden we ÝUNESKO kafedrasynyň umumy bähbitlerinden ugur alýar. ÝUNESKO kafedrasynyň esasy maksatlaryny göz öňünde tutup, dünýä we döwlet derejesinde ýokary okuw jaýlarynyň hyzmatdaşlyk toruny döretmekden we şol esasda durnukly ösüşde, ylymda, bilimde we medeniýetde öňdebaryjy netijeleri gazanmaklygy maksat edinýär.
Alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasy hökmünde 2023-nji ýylyň 22-nji aprelinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi ÝUNESKO kafedrasynyň” guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda ekologiýa dersi boýunça internet olimpiada geçirildi. “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi ÝUNESKO kafedrasynyň” guramagyndaky internet olimpiadasyna Aşgabat şäherinden 16 okuwçy, Ahal welaýatyndan 21 okuwçy, Mary welaýatyndan 29 okuwçy, Lebap welaýatyndan 27 okuwçy, Balkan welaýatyndan 12 okuwçy, we Daşoguz welaýatyndan 9 okuwçy gatnaşdy. Bu internet olimpiadasyna jemi 114 okuwçy gatnaşyp, olara 45 sany testi berildi. Internet olimpiadasynyň dowamlylygy 100 minut dowam etdi we onlaýn gözegçilik ýola goýuldy.
Bu geçirilen internet olimpiadasynyň esasy maksady ösüp gelýän ýaş nesilleriň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmekden we olary durmuş ýüzünde amala aşyrmakdan ybaratdyr. Mundan başga-da “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi ÝUNESKO kafedrasynyň” baş maksatlaryndan ugur almak bilen, durnukly ösüş maksatlaryny ýerli we sebite derejelerinde amala aşyrmak bolup durýar.
Ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamyny ösdürmek boýunça döredip berýän giň mümkinçilikleri hormatly Prezidentimize we Türkmen halkynyň Milli Liderine, Alym Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň we Alym Arkadagymyzyň ýurdumyzy ösdürmekde, umumadamzat jemgyýetini ajaýyp üstünliklere alyp barýan belent işleriniň diňe üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.
Ogulşat HUDAÝBERENOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň Jemgyýeti
öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.